Mary welaýatynyň Mary etrap Zenanlar bölüminiň guramagynda hasap-saýlaw maslahaty geçirilip, oňa etrap Zenanlar bölümleriniň başlyklary, etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzalary we etrabyň edara – kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň zenanlar guramalarynyň başlyklary hem-de kümüş saçly mährem eneler gatnaşdy. Bu hasabat-saýlaw maslahatynda Mary etrap Zenanlar bölümi tarapyndan 2025-nji ýylda edilen işler we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” atly 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda durlup geçildi. Şeýle hem bu maslahatda Mary etrap zenanlar bölüminiň, ilkinji zenanlar guramalarynyň hasabat döwründe alyp baran işlerine seljerme berildi hem-de etrap Zenanlar bölüminiň täze düzümi saýlandy. Üstümizdäki “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda hem welaýat Zenanlar bölümi tarapyndan geçiriljek çäreler we dürli bäsleşiklerde ýokary netijeliligi gazanmak dogrusyndaky gürrüňler hem maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Jemgyýetçilik ýerlerinde geçirilýän terbiýeçilik we wagyz – nesihat işlerini güýçlendirmek, bu ugurda zenanlar guramalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak barada hem teklipler orta atyldy. Bu ýerde edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň türkmen zenanlarynyň jemgyýetimizdäki tutýan ornuny ýokarlandyrmak, zenanlaryň zähmetini, eneligi we çagalygy goramak baradaky aladalary hakynda uly buýsanç bilen bellenilip geçildi. Sagdyn maşgalany kemala getirmek, ene – mamalarymyzdan gelýän nusgalyk däp-dessurlara eýermek, şeýle hem zenanlar bilen baglanşykly kada-kanunlary dogry we dürs berjaý etmek ýaly derwaýys meselelere hem maslahata gatnaşanlaryň ünsi çekildi. Maslahata gatnaşanlar zenan mertebesini arşa göteren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa.








