Maksat — bilelikdäki tagallalar arkaly umumy ösüşe goşant goşmak
weather mary 13° C Mary
weather mary 13° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Maksat — bilelikdäki tagallalar arkaly umumy ösüşe goşant goşmak

266 06.08.2025

ürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy

Awaza, 5-nji awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.

Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde ählumumy ösüşiň bähbidine asylly başlangyçlary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

BMG-niň guramagynda on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda gazanylan üstünlikleri seljermek üçin möhüm meýdança öwrüler.

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysalyna öwrülip, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ynsanperwer daşary syýasy strategiýamyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Şol syýasat durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahat we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.

...Ir bilen maslahata gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet baştutanlary forumyň geçirilýän ýerine geldiler.

Forumyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra wekiliýet baştutanlary halkara maslahatyň Plenar mejlisler zalyna geldiler. Bu ýerde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy boldy.

Maslahatyň häzirki Başlygy hökmünde BMG-niň Baş sekretary ony açyk diýip yglan etdi we giriş sözi bilen çykyş etdi.

Soňra maslahaty geçirmegiň düzgünlerine laýyklykda, ses bermek arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatyň Başlygy saýlanyldy.

BMG-niň Baş sekretary döwlet Baştutanymyzy maslahatyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady we prezidiumyň merkezinde ýörite bellenen ýere geçmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryndan agaçdan ýasalan çekiçjagazy kabul edip, özi üçin ýörite bellenen ýere geçdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy hökmünde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy saýlanylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hemmeleri bu foruma gatnaşýandyklary üçin Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlady hem-de minnetdarlyk bildirdi.

Bu maslahat dünýä ösüşiniň uly we derwaýys meselelerine gürrüňsiz degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatnamalaryny, ilki bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, Geljegiň bähbidine paktyň strategik ýörelgelerine eýermäge dahyllydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu belent münberden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe, bu guramanyň agzalary bolan döwletleriň ähli Baştutanlaryna hem-de wekillerine şu foruma üns berýändikleri we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary hemmetaraplaýyn ösdürmäge berk eýerýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Biziň şu maslahatymyzda seredilýän meseläniň ählumumy ähmiýeti bardyr. Ol halkara işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Ilkinji nobatda, ynsanperwer meseleleriň möhümdigini bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendigi bellenildi. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz diňe bir şygar däldir. Ol Türkmenistanyň içeri syýasatynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli ugruny kesgitleýän, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we halkara işiniň esasydyr. Sebäbi adamlaryň durmuşynyň ýokary standartlaryny hem-de ýaşaýşynyň hilini üpjün etmek Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň býujetiniň esasy bölegi durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş we bilim desgalarynyň gurluşygyna gönükdirilýär. Maşgalany, eneligi we çagalygy, ýaşlary hem-de ýaşuly nesli, mümkinçiligi çäkli adamlary, raýatlaryň beýleki toparlaryny goldamak üçin ulanylýar.

Lukmançylyk we ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçilik barada aýratyn durup geçmek isleýärin. Milli çäklerden çykýan bu mesele düýpli meseledir, onuň örän möhüm ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we durmuş syýasatyny alyp barýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu işde baý tejribe toplandygyny hem-de bu tejribäni ähli ýurtlar bilen paýlaşmaga, halkara guramalar bilen giňden hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz bu forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürüp, bolup geçen dünýä pandemiýasynyň, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan häzirki meseleleriň, keselçilikleriň we epidemiýalaryň raýdaşlyk we özara goldaw düşünjesiniň dünýä möçberinde adamyň saglygy, saglygyny goramaga hem-de bejergä bolan düýpli hukugy bilen birmeňzeşdigini görkezýändigini nygtady.

Bu başlangyçda gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmak barada barýar. Biziň pikirimizçe, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen guramalary, maksatnamalary, gaznalary, institutlary bu işi goldamakda esasy utgaşdyryjynyň wezipesini öz üstüne almalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şu forumda Türkmenistanyň şeýle başlangyjy öňe sürmegi ýöne ýere däldir, onuň maksady we esaslary bardyr. Deňze çykalganyň bolmazlygy häzirki döwürde lukmançylyk kömegini bermek, lukmançylyk enjamlaryny we derman serişdelerini ibermek, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek, ähli saglygy goraýyş ulgamynyň işlemegini üpjün etmek üçin düýpli päsgelçilik bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümlerinde işe başlamaga taýýardygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, durnukly kommunikasiýalar ulgamyny döretmek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin möhüm meseledir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu örän möhüm ugur boýunça dialog üçin häzirki zaman halkara binýadyny döretmek başlangyjyny öňe sürenleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatynyň, şeýle hem ýurdumyzda 2022-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleri netijesinde, soňky ýyllarda biziň döwletimiziň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada öňe süren başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasy kabul edildi. Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Türkmenistan ulag arabaglanyşygyny çaltlandyrmagyň we bu ugurda täze garaýyşlaryň zerurdygyndan ugur alýar. Şoňa görä-de, geçen ýyl Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini — Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi teklip etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şol başlangyja foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, onuň amala aşyrylmagynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bütindünýä ulag-logistika akymlaryna goşulyşmagyna düýpli ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Ýaşyl» gün tertibi bilen baglylykda, ulag ugurlarynyň ekologik howpsuzlygynyň bu işde örän möhüm mesele bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu wezipäni, ilki bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmek arkaly çözüp boljakdygyny görýäris. Türkmenistan beýleki ugurlarda, şol sanda energetika babatda hem ekologiýa meselesine uly ähmiýet berýär. «Ýaşyl» energetika düşünjesi häzirki döwürde ýurduň içinde hem, halkara energiýa giňişliginde hem biziň energetika pudagyndaky işimiziň hökmany, düýpli ölçegi bolup durýar.

Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen halkara namalara berk laýyklykda iş alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz energetika üçlügine gatnaşyjylaryň ählisiniň, ýagny energiýany öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň halkara ekologiýa ölçeglerini we daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi babatdaky ylalaşyklary gyşarnyksyz berjaý etmelidigini nygtady. Biziň ýurdumyz bu meselede gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak boýunça işi çaltlandyrmak ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň wodorod energetikasyny ösdürmäge gatnaşmaga-da taýýardygyny nygtady hem-de bu meselede hyzmatdaşlyk etmegiň anyk bilelikdäki meýilnamalarynyň we algoritmleriň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi we geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynda şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi.

Umuman, biz ähli ykdysady işi ekologiýa standartlary bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys. Biziň ekologiýa syýasatymyzyň esasy ugry ykdysady ulgamy önümçilik pudagynyň tebigatyň bäsdeşi däl-de, eýsem, sazlaşdyryjysy we daýanjy bolar ýaly ýola goýmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýapyk aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny döretmek barada Türkmenistanyň öňe süren teklibine ünsi çekdi.

Howa meselesiniň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň netijelidigini bellemek zerur diýip hasap edýärin. Munuň özi konwensiýanyň taraplarynyň soňky maslahatlarynda aýratyn aýdyň ýüze çykdy. Şol maslahatlarda täze ählumumy howa gün tertibiniň tehnologik, hukuk we ykdysady esaslarynyň işlenip düzülýändigini bellemek gerek. Bu işde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mynasyp we saldamly orny bolmalydyr. Türkmenistan bu ugry goldaýar hem-de oňa döredijilikli we netijeli işi bilen doly goşulýar. Mysal üçin, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň howa babatdaky meselesi Hazar deňzini gorap saklamak we Araly halas etmek ýaly meseleler bilen baglydyr. Şu foruma gatnaşyjy birnäçe döwletler üçin Hazar deňzi dünýä ummanyna çykmagyň örän möhüm suw ýoly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şunuň bilen baglylykda, hemmeleriň deňziň ekologik abadançylygyna gyzyklanma bildirýändigine, munuň bolsa onuň ykdysady we ulag mümkinçiliklerine gönüden-göni täsir edýändigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň meseleleri sebit, hatda kontinental çäklerden hem çykýar. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Hazaryň daşky gurşawyny goramak bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça hünärmenleriň anyk dialogy hökmünde «Hazar ekologik başlangyjy» bilen çykyş etdi. Onuň wagty ýeten ençeme ekologiýa meselelerini çözmegi öňe sürdi. Häzirki döwürde şol örän möhüm meseleleriň biri-de deňziň suwunyň çekilmegidir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Araly halas etmek meselesiniň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy hem-de Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň kabul eden iki sany Kararnamasy, ýagny «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy, şeýle hem BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasy netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin gowy esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu örän möhüm resminamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Aral meselesi boýunça ähli halkara işleriň kesgitleýji şertleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz umumy dünýä işleriniň örän möhüm bölegi hökmünde suw meselesi boýunça hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Munuň özi köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmegiň geljegini kesgitleýär. Bu meselede suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy we adalatly paýlanylmagy möhüm bolup durýar. Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň hem-de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tutuş suw meselesi toplumyna seretmegiň şu üç sany binýatlaýyn kada, ýagny halkara hukugyň berjaý edilmegine; bähbitleriň özara hasaba alynmagyna; halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagyna esaslanmalydygyna ynanýandygyny nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň teklibi boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem biziň ýurdumyz şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy senäni — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Bu wakalaryň ikisiniň hem Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmegi simwoliki ähmiýete eýedir. Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär. Olar biziň halkara giňişlikdäki hereketlerimizi hem-de başlangyçlarymyzy kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň ileri tutýan ugry bolan we bolmagynda galýan daşary syýasatymyzyň filosofiýasyny aňladýar.

Bu doly derejede häzirki foruma hem degişlidir. Biz Birleşen Milletler Guramasy, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan dostlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz, abraýly halkara guramalar bilen Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meseleleri, olary çözmegiň ýollary barada garaýyşlarymyzy beýan edýäris. Özi-de döredijilik we deňhukuklylyk, özara hormatlamak hem-de bähbitleri hasaba almak bilen, biziň halklarymyz, adamlarymyz, olaryň häzirki we geljekki durmuşy barada alada etmek bilen, garaýyşlarymyzy beýan edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ýoluň dogrudygyna hem-de bilelikde üstünliklere ýetiljekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ähli wekiliýetlere, hormatly myhmanlara işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzyň hem-de bütin adamzadyň ösüşi, ilerlemegi we abadançylygy baradaky öňde goýlan maksatlary ýerine ýetirmekde Türkmenistan bilen bilelikde işlemäge taýýardyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra tassyklanan iş tertibine laýyklykda çykyşlar diňlenildi.

Ilki bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe söz berilýär.

BMG-niň Baş sekretary, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna bildirilen myhmansöýerlik we şu möhüm maslahaty guramakda başlangyçly orny üçin hoşallygyny beýan etdi.

Antoniu Guterriş çykyşynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyna ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD-niň bu ugurdaky tagallalaryny goldaýandygyny belledi. Şeýle hem ol geljek on ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Biz düzümleýin özgertmeleri we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny çaltlandyrmalydyrys. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler tebigy serişdelerden başlap, adam maýasyna çenli ägirt uly kuwwata eýedirler. Şunuň bilen birlikde, ýerli innowasiýalara we inklýuziw ösüşe maýa goýumlary gönükdirmek möhüm bolup durýar. Sanly özgeriş bu tagallalaryň esasylarynyň biri bolmalydyr. Munuň özi DÇBÖBD-ä dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berer diýip, Baş sekretar aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, sanly infrastrukturany ösdürmegiň, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmagyň we bu tehnologiýalara inklýuziw elýeterliligi üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem Antoniu Guterriş öz çykyşynda özara söwdany, üstaşyr we sebit arabaglanyşygyny ösdürmegiň möhümdigini belledi. Serhetden geçiş amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, standartlaryň özara laýyk getirilmegi, bökdençsiz söwda we üstaşyr geçiş amallarynyň üpjün edilmegi üçin hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, durnukly ulag geçelgelerine, serhetüsti energetika ulgamlaryna, intellektual logistika platformalaryna maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi. “Ýaşyl” ykdysadyýete geçilmegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi DÇBÖBD-ä daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda täze pudaklary we iş orunlaryny döretmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýanga söz berdi. Ol Awazada geçirilýän şu maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belläp, Türkmenistanda mähirli kabul edilendigine ýokary baha berýändigini aýtdy. BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen garaýyşlaryň tutuş adamzadyň durmuşyny özgertmekde aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini belläp, Filemon Ýang 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibiniň soňky bäş ýylyna girişilendigini aýtdy hem-de oňa çenli galan döwürde şol maksatlara ýetmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdiriljekdigine ynandyrdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy häzirki döwrüň biziň esas goýujy gymmatlyklara hemmetaraplaýyn ygrarlydygymyzy, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ähli halklaryň bähbidine netijeli hereketleri talap edýändigini, olaryň bolsa howpsuz, adalatly we deňhukukly geljege tarap ýolda hiç bir adamyň ünsden düşürilmejekdigini kepillendirmäge ýardam bermelidigini nygtady. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-siniň hem ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň üns merkezinde durýar, ýakynda bu döwletleriň aýratyn zerurlyklary baradaky Halkara habardarlyk güni yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu senäniň her ýylyň 6-njy awgustynda belleniljekdigi we şeýle ähmiýetli çözgüdiň Awazada geçirilýän häzirki maslahatyň öň ýanynda kabul edilmeginiň aýratyn mana eýedigi bellenildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri hemişe goldar, şu maslahatyň dowamynda kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine her ýyl seljerme geçiriler diýip, Filemon Ýang aýtdy. Myhmansöýer türkmen topragynda ýokary derejede guralýan şu maslahatda kabul ediljek çözgütler diňe bir DÇBÖBD üçin däl, eýsem, tutuş dünýä ösüşi üçin hem uly ähmiýete eýe bolar. Ösüp barýan döwletleriň ählisine, şol sanda DÇBÖBD-ä berilýän goldawy giňeltmek babatynda Durnukly ösüş maksatlaryna uly orun degişlidir. BMG-niň çäklerinde işlenilip taýýarlanylan “Geljegiň maksatnamasynda” DÇBÖBD-niň hem-de üstaşyr ýurtlaryň, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda has ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kemala getirmek boýunça netijeli çäreler kesgitlenendir diýip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy belledi hem-de Hereketleriň Awaza maksatnamasynda beýan edilen wezipeleriň dünýäniň ähli künjeklerinde erkin üstaşyr gatnawlaryň ýola goýulmagy üçin esas goýujy ýolgörkeziji boljakdygyna ynam bildirdi.

Häzirki wagtda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan bäş ugrunyň, ilkinji nobatda, durmuşa geçirilmeginiň möhüm bolup durýandygyny, şu forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň, BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň bu başlangyçlary goldamagynyň üstünligiň şerti boljakdygyny aýdyp, Filemon Ýang maslahatyň ýokary derejede guralandygyny, onda netijeli çözgütleriň kabul edilýändigini, ýagty geljege tarap ýolda ösüp barýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygyna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, söz nobatyny BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) Başlygy Lok Bahadur Thapa geçirdi.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygy maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Lok Bahadur Thapa halkara maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurtda ýaşaýan jemi 570 milliondan gowrak adam üçin inklýuziw we durnukly ösüş babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, bu döwletler deňze, esasy halkara bazarlara we üstaşyr ulag geçelgelerine göni çykalganyň bolmazlygy, ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň mümkinçilikleriniň çäkli bolmagy ýaly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam edýärler. Bu päsgelçilikler howanyň üýtgemegi netijesinde has-da artýar.

Ylymda we tehnologiýada çalt öňegidişlige garamazdan, DÇBÖBD-de sanly hyzmatlary ornaşdyrmak ýokary çykdajylary talap edýär. Şonuň üçin hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işler öz wagtynda, hyjuwly, ýeterlik we dowamly bolmalydyr. Bu babatda alnyp barylýan işler soňky on ýylda gazanylan üstünliklere esaslanmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygy Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň DÇBÖBD-niň durnukly ösüş babatda mümkinçiliklerini açmak, milli, sebit we halkara derejeli ugurlar boýunça uzak möhletleýin ösüş gazanmak üçin geljegi uly resminamadygyny belledi. Şeýle hem DÇBÖBD-niň ykdysadyýetiniň pudaklaryna maýa goýumlary artdyrmagyň, sanly ulgamy we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygy çykyşynyň ahyrynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, DÇBÖBD-niň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, hususan-da, azyk howpsuzlygy, durnukly arabaglanyşyk, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça başlangyçlara ýakyn goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygyna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparynyň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde çykyş etmek üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, maslahata gatnaşyjylaryň ählisine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň salamyny ýetirip, şu gün bu möhüm ähmiýetli maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, döwrüň wajyp meselelerini çözmek üçin BMG-niň goldaw bermeginde 2001-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň topary döredildi. Geçen ýyllaryň dowamynda bu ýurtlar üçin Almaty we Wena maksatnamalary kabul edildi. Şu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda üstaşyr goňşular bilen kadalaşdyryjy we şertnamalaýyn binýady döretmekde, söwda çärelerini gowulandyrmakda, sanly ulgamy ornaşdyrmakda, şeýle hem logistika we ulag meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňegidişlik gazanyldy.

Şu gün biz Hazaryň kenaryndaky Awazada diňe bir bilelikdäki işimiziň jemini jemlemek üçin däl, eýsem, has durnukly arabaglanyşygy üpjün etmek babatda bilelikdäki tagallalary bellemek üçin ýygnandyk. Şunuň bilen baglylykda, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere ählumumy ösüşe doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berjek durnukly ösüş meýilnamasyny işläp taýýarlamaga ýardam eder.

Täze maksatnama bize strategik “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu maksatnamany amala aşyrmak üçin köpçülikleýin jogapkärçilik hem-de ýurtlaryň we halkara maliýe guramalarynyň arasynda tagallalary utgaşdyrmak zerur bolup durýar. Biz hyzmatdaşlarymyzy diňe bir maliýe taýdan goldaw bermäge däl, eýsem, tehniki kömegiň we maýa goýum kepillikleriniň berilmegini üpjün etmäge çagyrýarys diýip, A.Kasymaliýew aýtdy.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özboluşlylygyny nazara almak bilen, maliýeleşdirmegiň şertleriniň çeýeligi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýurtlaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek üçin ählumumy derejede tagallalary birleşdirmek hem-de maýa goýumlaryň täze gurallaryny döretmek zerur bolup durýar diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy aýtdy we bu babatda Gyrgyzystanyň gazananlary barada durup geçdi.

Sözüniň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparynyň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A.Kasymaliýew türkmen tarapyna myhmansöýerlik we şu ählumumy forumyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Maslahatyň Başlygy hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparynyň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A.Kasymaliýewe minnetdarlyk bildirdi.

Soňra BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji maslahatynyň geçirilen ýurdy bolan Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretary Zepp Şellhorna söz berildi.

Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretary Zepp Şellhorn hemmeleri mähirli mübärekläp, ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, şol sanda Awstriýanyň bähbidine edýän tagallalary üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima we onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzalaryna hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerinde anyk maksatlary we çäreleri özünde jemleýän oýlanyşykly gün tertibi işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Bu resminama ähli gyzyklanma bildirýän taraplary, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri, üstaşyr geçiriji ýurtlary we ösüş boýunça hyzmatdaşlary birleşdirýär. Şeýle hem gün tertibinde oba hojalyk ylmy barlaglarynyň sebit merkezleri we Infrastruktura maýa goýumlary üçin maliýe gaznasy ýaly başlangyçlar göz öňünde tutuldy. Munuň özi biziň adam hukuklaryna, netijeli dolandyryşa we gender deňligine ygrarlydygymyzy görkezýär. Biz bu maksatnamanyň özara baglanyşygy gowulandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin berk binýady döretjekdigine ynanýarys diýip, Zepp Şellhorn aýtdy we bu maksatlara ýetmegiň hyzmatdaşlyga ygrarlylygy we innowasion çözgütleri talap edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretaryna minnetdarlyk bildirip, söz nobatyny BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima geçirdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň Baş sekretary hökmünde bu ýerde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, işe ygrarlylygy we bu möhüm maslahaty guramakda başlangyçly orny üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ösüşini özgertmek boýunça kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetini belläp, myhman hemmeleri bu taryhy üstünlik bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu maksatnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini doly derejede açmak we olaryň düzümleýin meselelerini özgertmeler üçin mümkinçiliklere öwürmek boýunça mehanizmleri özünde jemleýär.

Şeýle hem Rabab Fatima öz çykyşynda infrastruktura, özara baglanyşyk, ykdysady özgertmeler we howanyň üýtgemegine durnuklylyk ýaly meselelere degip geçdi.

Bu gün biz Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli meýilnamalara we sebit derejesindäki býujetlere ornaşdyrmak üçin esasy ýörelgeleri hem-de mehanizmleri işe girizýäris. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi milli syýasatlar bilen sazlaşygy, inklýuziwligi we jogapkärçiligi talap edýär. Şoňa görä-de, DÇBÖBD-niň maslahatynda ilkinji gezek ýöriteleşdirilen platformalar — raýat jemgyýeti, hususy pudak, ýaşlar, zenan ýolbaşçylar, parlamentariler we Günorta — Günorta ugry boýunça hyzmatdaşlar üçin meýdançalar hereket eder diýip, Rabab Fatima aýtdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary şu gezekki maslahatyň netijeleriniň diňe bir sözler bilen ölçenmän, eýsem, iş ýüzünde, ýagny gurlan ýollarda, döredilen söwda geçelgelerinde we durnukly ösüşi gazanmakda ýetilen sepgitlerde öz beýanyny tapjakdygyny belläp, hemmeleri tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

Giriş sözleri bilen çykyşlar tamamlanandan soňra, maslahaty alyp barmagyň tertibine laýyklykda, onuň düzgünleri we gün tertibi kabul edildi. Maslahatyň wezipeli wekilleri saýlanyldy hem-de beýleki guramaçylyk meselelerine seredildi.

Şunuň bilen maslahatyň açylyş bölegi tamamlandy.

Soňra maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady hem-de onuň dowamynda döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem wise-prezident derejesindäki wekiliýet ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Maslahatyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti bu möhüm halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk we onuň ýokary guramaçylygy, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň öňünde durýan meseleleri çözmäge we olaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge üýtgewsiz ygrarlylygy üçin BMG-niň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew DÇBÖBD-niň meseleleri boýunça halkara tagallalara Gazagystanyň goşandy barada aýtmak bilen, BMG-niň bu ugurdaky ilkinji maslahatynyň Gazagystanda geçirilendigini belledi. Bellenilişi ýaly, şol maslahat DÇBÖBD-niň meselelerini ilkinji gezek ählumumy ösüş gün tertibine girizen Hereketleriň Almaty maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna ýol açdy.

Şu gün biz Awazada bu ugurda täze çözgütleri kabul etmek we öňegidişligi gazanmak ýaly umumy maksat bilen ýygnandyk. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurtda ýarym milliarddan gowrak adam ýaşaýar, olaryň köpüsi maliýe, tehnologiýa we dünýä bazarlaryna çykmak bilen bagly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şunda çäkli sebit aragatnaşygy DÇBÖBD üçin esasy mesele bolup galýar we ol ýokary ulag çykdajylaryny talap edýär. Şeýle çäklilikler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kynçylyk döredýär diýip, Gazagystanyň döwlet Baştutany aýtdy we DÇBÖBD babatda ählumumy gün tertibiniň çözgütlerini durmuşa geçirmekde gazak tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda üstaşyr geçirýän ýurtlaryň, halkara we maliýe guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmek, ulag, energetika we sanly infrastruktura ýaly esasy pudaklara maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr. Şeýle hem ulag geçelgelerini we üstaşyr infrastrukturany ösdürmäge, demir, awtomobil, howa we deňiz ýollarynyň, logistika merkezleriniň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmaga ähmiýet bermelidir.

Gazagystan Merkezi Aziýada we beýleki ýurtlarda hemmetaraplaýyn dialogyň we inklýuziw integrasiýanyň tarapdary bolmagynda galýar. Merkezi Aziýanyň tejribesinden geografiýanyň ykbaly kesgitlemeýändigini bilýäris. Sebitimiz durmuş-ykdysady ösüşde ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Strategik maýa goýumlar we halkara hyzmatdaşlyk esasynda ýerleşýän ýeriniň päsgelçilik däl-de, ösüş üçin güýçli itergi bolup biljekdigini görkezýär. Merkezi Aziýanyň okgunly ösýän söwda, maýa goýumlar, ulag, aragatnaşyk mümkinçiliklerini oýlanyşykly dolandyrmak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlykda bolan sebite öwrülýändiginiň şaýady bolýarys diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny belläp, bu ugurda gazak tarapynyň başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin hemmelere hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşy üçin gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Eswatininiň Patyşasy Mswati III söz berdi.

Eswatininiň Patyşasy hemmeleri mähirli mübärekläp, bu ýokary derejeli halkara maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we onuň guramaçylygy üçin Türkmenistana hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk arkaly ösüş gazanmak ähli DÇBÖBD-niň, şol sanda Eswatini Patyşalygynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şu gezekki maslahat hem bu döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagy bilen bagly döreýän infrastruktura päsgelçiliklerini ýeňip geçmek baradaky umumy borçnamany tassyklaýar hem-de täzeçe pikirlenmäge we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ruhlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Patyşa Mswati III infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek, ulag arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr çykdajylary azaltmak babatda eswatini tarapynyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda ulag geçelgelerini kämilleşdirmäge, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmäge we sanly infrastruktura maýa goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmagyň, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, hususy pudaga maýa goýumlary çekmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söz nobatyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe geçirdi.

Özbegistanyň Baştutany, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli kabul edendigi we bu günki maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şu forumyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hazar deňziniň kenaryndaky gözel Awazada geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Özbegistan doganlyk Türkmenistanyň berkarar ösüş maksatlaryna eýermek, ählumumy berkararlyga hem-de parahatçylyga gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berýär we goldaýar diýip, özbek Lideri aýtdy.

Özbegistanyň Baştutany BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen bagly meselelere uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Biz Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly goldaýarys we ony durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşarys diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady.

Bu gün maslahatda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler hemmämiz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ygtybarly üstaşyr geçelgeleri döretmek we logistika ulgamyny ösdürmek Merkezi Aziýada möhüm wezipeleriň birine öwrülýär. Bu gün bizi bir ýere jemlän maslahatyň gün tertibi düýpli meseleleri öz içine alýar. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň deň şertlerde dünýä ykdysadyýetine gatnaşmagy üçin mümkinçilikdir diýip, Özbegistanyň Baştutany sözüni dowam etdi.

Bu möhüm wezipeleri çözmek üçin üç sany möhüm şerti berjaý etmek wajypdyr. Bular durnukly ösüşiň esasy hökmünde infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakdan, üstaşyr geçirmek meselelerinde özara arabaglanyşygy güýçlendirmekden, ählumumy deňhukuklylygyň möhüm bölegi bolan rowaçlanyş hukugyny berkitmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidenti birnäçe teklipleri beýan etdi. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň sazlaşykly we durnukly ösmegini üpjün eder.

Sözüniň ahyrynda goňşy döwletiň Baştutany ählumumy bazarlara çykmagyň hemmeler üçin deň şertlerde bolmalydygyny, munuň ykdysady zerurlykdygyny nygtady. Munuň özi halkara gatnaşyklarda ynanyşmagyň we raýdaşlygyň möhüm şertidir.

Döwlet Baştutanymyz çuňňur manyly çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Soňra çykyş etmek nobaty Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana berildi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallygyny beýan etdi.

Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüş üçin dünýä bazarlaryna elýeterliligiň örän möhümdigini, harytlaryň, hyzmatlaryň we adamlaryň serhetüsti akymlarynyň umumy abadançylygyň kuwwatly hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny belledi. Geografik ýerleşişi boýunça çäklendirmeler ýurtlaryň ösüşine, olaryň dünýä söwdasyna doly derejede gatnaşmagyna, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de maýa goýumlaryň çekilmegine päsgelçilik bolmaly däldir. Şeýle elýeterlilik durmuşy we ykdysadyýeti özgerdýär, biziň geljege gönükdirilen “Ýol kartamyzda” durmuş-ykdysady ösüşe aýratyn üns çekilýär. Hereketleriň Awaza maksatnamasynda has zerur bolan meseleleriň ileri tutulýan bäş ugry kesgitlenendir diýip, dostlukly ýurduň Baştutany Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstaşyr ýurtlaryň, BMG-niň agentlikleriniň, ösüş boýunça halkara guramalaryň, şeýle hem bu işlerde bize ýardam berýän maliýe edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Hereketleriň täze maksatnamasynyň anyk netijelere öwrülmegi öňde durýan meseleleriň bilelikde çözgüdini tapmagyň esasy şertidir. Deňze çykalgasy bolmadyk hem-de üstaşyr ýurtlaryň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen, adamlaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň erkin hereket etmekleri üçin döreýän emeli päsgelçilikler aradan aýrylmalydyr. Munuň özi diňe bir zerurlyk bolman, ykdysady we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynyň, ösüşe bolan hukuklaryň ilerledilmeginiň hem-de sebit we ählumumy derejede inklýuziw arabaglanyşygyň möhüm şertidir.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti söwda amallarynyň has çalt we netijeli amala aşyrylmagy üçin maýa goýumlaryň serhetýaka infrastrukturasyna gönükdirilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň, şeýle hem iri deňizleriň ählumumy sanly we “ýaşyl” ösüşe doly çekilmeginiň, howanyň üýtgemegine durnuklylygyň ýokarlandyrylmagynyň hem-de bioköpdürlülik babatynda kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Çykyşda Ermenistanyň Hökümetiniň özara baglanyşygyň, açyk serhetlere hem-de döwrebap ýollaryň, ulag düzüminiň dünýä bazarlaryna goşulyşmak üçin möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi we şunuň bilen baglylykda, “Çatryklarda parahatçylykly başlangyç” atly taslamanyň işlenip taýýarlanylandygy, bu ýurduň sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlyga we özara goldaw berilmegine ygrarlydygy nygtaldy. Bu taslama ykdysadyýetleriň özgerdilmegine, netijeli söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, ýurtlaryň ykdysady bähbitleriniň üpjün edilmegine, şeýlelikde, has abadan we durnukly ösüşiň kemala gelmegine gönükdirilendir.

Ermenistanyň Lideri sözüniň ahyrynda bu maslahatyň guralandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hem-de Birleşen Milletler Guramasyna ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Ermenistanyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin ähli taraplar bilen bilelikde köpugurly netijeli hyzmatdaşlyga doly ygrarlydygyny aýtdy.

Maslahata başlyklyk edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baý mazmunly çykyşy üçin Ermenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi we çykyş etmek üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.

Dostlukly ýurduň Baştutany sözüniň başynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylaryna bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de mähirli kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeleri we onuň hemmetaraplaýyn seljermesi nukdaýnazaryndan şu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aýratyn ähmiýete eýedigini, bu giň gerimli çäräniň bar bolan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga we geljekde tagallalary birleşdirmek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli gurallaryny döretmegiň, üstaşyr we infrastruktura çäklendirmeler bilen baglanyşykly meseleleriň aradan aýrylmagynyň, energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda beýleki durmuş düzümleriniň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki zaman şertlerinde geosyýasy dartgynlylyk, maliýe-ykdysady çökgünlik, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly beýleki töwekgelçilikleriň ýüze çykýandygy bellenildi hem-de bu babatda Täjigistanyň ulag we energetika ulgamlaryna, bu ugurlaryň çalt depginlerde ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi beýan edildi.

Prezident Emomali Rahmon Täjigistanda sanlylaşdyrmak hem-de söwda we gümrük amallarynyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk getirilmegi ugrunda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny, ýurduň gidroenergetika kuwwatyny hasaba almak bilen, energetika garaşsyzlygyny üpjün etmäge hem-de bu pudagyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “2037-nji ýyla çenli döwür üçin “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiň Milli strategiýasynyň” durmuşa geçirilmeginiň geljekde Täjigistana gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna elektrik energiýasyny öndürmek usulyna doly geçmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Howanyň üýtgemeginiň ýurtlaryň ykdysadyýetine hem-de ekologiýa ulgamlaryna oňaýsyz täsir edýändigi baradaky meselelere aýratyn üns çekildi.

Dostlukly döwletiň Baştutany Täjigistanyň soňky ýigrimi ýylyň dowamynda başlangyçly orny eýeleýän ýurt hökmünde suw serişdeleri we howa ulgamynda halkara gün tertibiniň ilerledilmegine işjeň gatnaşýandygyny, agyz suwunyň çeşmelerini, esasan-da, buzluklary gorap saklamak üçin ählumumy derejede gaýragoýulmasyz çäreleriň we netijeli bilelikdäki hereketleriň zerurdygyny belledi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda şu ýyl Duşenbe şäherinde geçirilen Buzluklary gorap saklamak boýunça halkara maslahatyň jemleriniň suw serişdeleri, howa we durnukly ösüş ulgamynda möhüm ählumumy derejedäki çäreleriň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Täjigistanyň Baştutany sözüni dowam edip, Täjigistanyň we Fransiýanyň başlangyjy boýunça 2025 — 2034-nji ýyllaryň “Kriosfera ylymlary boýunça hereketleriň onýyllygy” diýlip yglan edilmegi baradaky BMG-niň Kararnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bu ugurda halkara bileleşigiň tagallalarynyň birleşdirilmegine ýardam etjekdigini aýtdy hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we tebigy heläkçilikleriň netijelerini aradan aýyrmak boýunça çäreleri maliýeleşdirmegiň möçberlerini artdyrmak ugrunda halkara bileleşigiň başlangyjyny goldaýandygyny tassyklady.

Prezident Emomali Rahmon çykyşynyň ahyrynda bu ugurdaky taraplaryň bilelikdäki tagallalarynyň netijeleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýene bir netijeli şerti emele getirjekdigini belläp, şunuň ýaly jogapkärçilikli we döredijilikli çemeleşmeleriň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek, olaryň mundan beýläkki ykdysady we durmuş ösüşiniň ýolunda emele gelýän päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Soňra Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammad Ýunus Menfi çykyş etdi.

Belent mertebeli myhman, ilki bilen, türkmen tarapyna myhmansöýerlik we şu maslahatyň ýokary derejede guralandygy, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe bolsa şu çäräni guramak babatda tagallalary hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen bagly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Biz bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada oňat bilýäris. Çünki doganlyk ýurtlaryň ençemesi bilen gatnaşyklary saklaýarys. Afrika kontinentinde Afrika Bileleşigi, Afrika ösüş banky we sebitleýin ykdysady jemgyýetler giň gerimli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly bu wezipeleri çözmek boýunça taýsyz tagallalary edýärler diýip, Liwiýa Döwletiniň wekili aýtdy.

Şeýle hem belent mertebeli myhman Liwiýanyň Ortaýer deňziniň günorta kenarynda amatly ýerleşmegi netijesinde degişli ýurtlaryň portlarynyň arasyndaky gatnawlar bilen bagly taslamalarda möhüm orun eýeleýändigini we nebitgaz taslamalaryny döretmäge işjeň gatnaşýandygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa söz berdi.

Awazada geçirilýän şeýle giň gerimli foruma gatnaşmaga hem-de onda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti öz ýurdunyň Hereketleriň Awaza maksatnamasynda bellenilen ileri tutulýan bäş strategik ugry durmuşa geçirmäge doly ygrarlydygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhman çykyşynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hem-de üstaşyr ýurtlaryň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, portlary we ulag-logistikany bilelikde dolandyrmagy teklip etdi hem-de munuň adalatly halkara söwda üçin elýeterliligi we nyrh aýanlygyny kepillendirjekdigini belledi. Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, ýokary goşulan bahaly taslamalara bilelikde gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna çagyryş beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler, hususan-da, ada döwletler üçin bu maslahat möhüm ähmiýete eýedir. Ýurtlaryň nähili geografik şertde ýerleşýändigi, olaryň ösüşi, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly derejede goşulyşmagy — millionlarça adamyň, şol sanda çagalaryň ýokary sanly tehnologiýalara elýeterliliginiň öňünde päsgelçilik döretmeli däldir. Şu gün biz şeýle päsgelçilikleri aradan aýyrmak hem-de dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliginiň ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmegiň zerurlygy baradaky bilelikdäki erk-islegimizi berkitmelidiris we bu maslahatyň dowamynda beýan edilen başlangyçlaryň anyk netijelere öwrülmegi ugrunda tagallalarymyzy birleşdirmelidiris diýip, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidentine çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi we foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji plenar mejlisiniň tamamlanandygyny, maslahatyň öz işini günüň ikinji ýarymynda umumy çykyşlar bilen dowam etjekdigini aýtdy.

Günüň ikinji ýarymynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işini dowam etdi.

Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi öz çykyşynda netijeli ulag-üstaşyr ulgamlarynyň ählumumy durnukly ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýetini belledi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bu ugurda käbir päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Hereketleriň Wena maksatnamasynyň çäklerinde bu meseleleri çözmekde birnäçe üstünlikler, hususan-da, sebit hyzmatdaşlygy, söwda gatnaşyklaryna ýardam bermek we ulag düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly oňyn netijeler gazanyldy. Bellenilişi ýaly, geljek onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy hem öz wagtynda kabul edilen möhüm çözgüt bolar.

Soňra Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Mohammed Jallow çykyş etdi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, deňze göni çykalganyň bolmazlygynyň bu döwletleriň ösüşiniň ähli ugurlaryna özüniň täsirini ýetirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki maslahatyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Ulag-üstaşyr meselelerini çözmekde sebit hyzmatdaşlygyna hem möhüm orun degişlidir. Munuň özi durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň bu ugurda tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik açýandygy bellenildi.

Soňra çykyş etmek üçin Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga söz berildi. Premýer-ministr, ilki bilen, mähirli kabul edilendigi we bu ýokary derejeli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag düzümlerine elýeterliligini üpjün etmekde halkara konwensiýalardan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.

Şeýle hem ulag babatda her bir ýurduň strategik bähbitlerini we olaryň halklarynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutýan deňeçer çözgütleriň işlenilip taýýarlanylmagynyň möhümdigi bellenildi. Şu gezekki maslahat bu möhüm ulgamda özara pikir alyşmak we anyk ugurlary kesgitlemek üçin amatly meýdançadyr.

Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja çykyşynda öz ýurdunyň wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere BMG-niň berýän goldawlaryny belledi.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler öndürýän önümlerini dünýä bazarlaryna ýetirmekde käbir kynçylyklara sezewar bolýarlar. Afrika yklymynyň ýurtlary, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler şu kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup, bar bolan mümkinçiliklerini netijeli ulanyp bilmeýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu meseleleri çözmek üçin ulag arabaglanyşygynyň we innowasiýalaryň ösdürilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bu ýokary derejeli maslahatda öz ýurduna wekilçilik etmegiň we çykyş etmegiň özi üçin belent hormatdygyny aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, üstaşyr ulag geçelgelerine maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary goşulan bahaly harytlaryň, hususan-da, innowasion önümleriň önümçilikleriniň giňeldilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleri bolup çykyş edýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Muhammad Reza Aref bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu möhüm halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, sebit ýurtlary, şol sanda ýurdumyz bilen durmuşa geçirilen yklym ähmiýetli taslamalaryň sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda ähmiýeti bellenildi. Iki goňşy ýurt Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine hem uly goşant goşýarlar. Gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, degişli hyzmatlary sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işler hem bellenilmäge mynasypdyr.

Goňşy dostlukly ýurduň wekiliniň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz deňze çykalgasy bolmadyk sebit döwletleriniň harytlarynyň we tebigy çig mallarynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda möhüm orun eýeleýärler. Şu nukdaýnazardan, ýurtlarymyz goňşularynyň, şol sanda sebitiň umumy ösüşi üçin amatly şertleri mundan beýläk-de döretmäge ygrarlydyrlar.

6-njy awgustda maslahat öz işini dowam eder.

***

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde bu iri halkara guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we DÇBÖBD-niň sergisi öz işine başlady. Bäş günläp dowam etjek bu sergi 25 pawilýondan ybarat bolup, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň alyp barýan işleri, DÇBÖBD-niň mümkinçilikleri we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini ýeňip geçmekde bu halkara guramalaryň orny bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdançany emele getirmek bilen, bu döwletleriň ykdysadyýetlerini ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň hatarynda BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy hem bar.

Sergä Atom energiýasy boýunça halkara agentlik hem öz diwarlygy bilen gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, bu halkara gurama atom energiýasyny bütin dünýäde parahatçylygy, saglygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen ulanmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär. Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň DÇBÖBD-niň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen bagly maslahatyň çäklerinde guralýan sergä gatnaşmagynda aýratyn many bardyr.

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, onuň birnäçe konwensiýalaryna goşulandyr. Bu gurama bilen lukmançylyk, hususan-da, onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr.

Ýewropa Bileleşigi hem sergä gatnaşýan halkara guramalaryň hataryndadyr. Ýewropa Bileleşigi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary işjeň goldaýar we olaryň dünýäniň ulag ulgamyna, ykdysady giňişligine hem-de bazarlaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda taslamalary durmuşa geçirýär. Bu goldaw bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly strategiýalary öz içine alýar.

Sergä maliýe ugruna ýöriteleşen düzümler, şol sanda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin tehnologiýa banky hem-de Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky hem gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň pudaklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi olaryň durnukly ösüşini üpjün etmek we dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagy babatda möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara maliýe düzümleri hem serginiň myhmanlaryny özleriniň bu ugurdaky mümkinçilikleri, durmuşa geçiren taslamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar. Munuň özi ählumumy ösüşiň bähbidine tagallalaryň birleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň bilelikdäki agentligi bolan Halkara söwda merkezi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary goldamaga aýratyn üns berýär. Onuň maksady bu ýurtlaryň ählumumy söwda ulgamyna doly goşulmagyna päsgel berýän geografik we infrastruktura päsgelçiliklerini aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Halkara söwda merkezi bu ugurda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň kiçi we orta kärhanalarynyň dünýä bazarlarynda ornuny berkitmegi üçin tagallalary utgaşdyrýar.

Sergä gatnaşýan halkara guramalaryň hatarynda Halkara telekommunikasiýa bileleşigi (ITU), Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» taslamasy ýaly ulag-aragatnaşyk ulgamyna ýöriteleşen düzümler hem bar. Ulag we telekommunikasiýa ulgamlary DÇBÖBD-niň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär, çünki olar dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak mümkinçiliginiň esasy kesgitleýji şertleriniň hataryndadyr. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy ulag we infrastruktura çykdajylarynyň artmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, sergide bu ugurda uzak möhletleýin netije berip biljek başlangyçlar beýan edildi.

Sergide BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy hem durnukly senagat ösüşine gönükdirilen başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Bu guramanyň ýöriteleşen ugry durnukly infrastrukturany, inklýuziw we durnukly senagat ulgamyny döretmäge we innowasiýalary ösdürmäge gönükdirilen 9-njy Durnukly ösüş maksady bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Onuň alyp barýan işleri bolsa DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge uly itergi berýär.

Şeýle hem sergä BMG-niň düzüm birlikleri bilen bir hatarda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we Merkezi Aziýa ýurtlary hem gatnaşýarlar. Olaryň sergi bölümlerinde bu ýurtlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri tanyşdyrylýar. Ýörite gurnalan monitorda olaryň alyp barýan döwlet syýasaty, ykdysady kuwwaty, maýa goýum we senagat mümkinçilikleri, medeniýeti, däp-dessurlary barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezilýär. Munuň özi ýurtlaryň arasyndaky dialogy has-da pugtalandyrmak, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, özara bähbitli täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Eýran Yslam Respublikasy we Türkiýe ýaly döwletleriň hem öz diwarlyklary bilen gatnaşmaklary bu serginiň dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän möhüm çäre hökmündäki ähmiýetini artdyrýar.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň bölümi aýratyn ünsi çekýär. Bu ýerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Dünýä bileleşiginiň mynasyp agzasy bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz syýasy-ykdysady we medeni ulgamlarda uly ösüşlere eýe boldy.

Ýurdumyzyň sergi bölüminde durnukly ulag ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler barada hem giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.

Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwürde ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda Arkadag şäheriniň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek.

Serginiň myhmanlary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we mümkinçiliklerine, şeýle hem DÇBÖBD-niň durnukly ösüşini üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek ugrunda eýeleýän ornuna, Awazada geçirilýän maslahatyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler.

Şeýlelikde, Awazadaky maslahatyň çäklerinde geçirilen sergi dialog, tejribe alyşmak, ykdysady ösüş we deňsiz-taýsyz ösýän ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin anyk ädimler babatda esasy meýdançalaryň birini emele getirýär.

116
116 22.10.2026
Ganat ýaýyp uçýar bedew

Mähriban Diýarymyzyň atçylyk sport toplumlarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň güýzki at çapyşyk möwsüminiň ýaryşlary dowam edýär. Ýüwrükden ýüwrük behişdi bedewleriň arasynda dürli aralyklara guralan ýaryşlar şatlykly pursatlara beslenýär. Welaýat atçylyk sport toplumy geçen ýekşenbede köp adamly boldy. Bedew janköýerleri geçirilýän at çapyşyklaryna höwes bilen tomaşa etdiler. Birinji çapyşykda bir müň metr aralyga çapan ikiýaşar atlaryň arasyndan Tarlaň atly dor at öňe saýlandy. Mary döwlet athanasyna degişli, K.Garýagdyýewiň seýislän, B.Sähedowyň çapan bu aty pellehana 1 minut 8,38 sekuntda gelip, özüniň ýyndamlygyny görkezdi. Bir müň metr aralykda güýç synanyşan ikiýaşar bedewleriň ikinji çapyşygy hem gyzykly boldy. Bu gezek 1 minut 11, 60 sekunt wagt bilen Mary welaýat athanasyna degişli Garadaş atly gara dor at ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary G.Handurdyýewdir. Üçýaşar atlar bir müň dört ýüz metr aralykda ýaryşyp, Ý.Ilamanowyň hojalygyna degişli Keýmir atly gurt mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 39,82 sekuntda geçip, üçünji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Dördünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda bir müň dört ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 34,13 sekuntda gelmegi başardy we ýeňiji boldy. Bu aty seýislän D.Amandurdyýew, çapyksuwarlyk eden G.Ýazberdiýew. Hemmeleri gyzyklandyran bäşinji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda bir müň sekiz ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden Toýçy atly mele aty R.Läliýewiň hojalyk aty bolup, ol bellenilen aralygy 2 minut 3,26 sekuntda geçdi. Bu at öz janköýerlerini begendirip, bäşinji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Tolgundyryjy pursatlara beslenip geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapyldy, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy. At çapyşygyna tomaşa eden bedew janköýerleri behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde we dünýä ýüzünde meşhurlygyny gazanmakda edýän uly tagallalary üçin Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

54
54 21.10.2026
Ätiýaçlandyryş ulgamynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny goramak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Ätiýaçlandyryş diňe bir maliýe ýitgileriniň öwezini dolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýatlarda geljege bolan ynamy hem berkidýär. Tebigy hadysalary, dürli betbagtçylyklar ýa-da beýleki garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýan ýitgileri ätiýaçlandyryş arkaly belli bir derejede öwezini dolup bilýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň elektron görnüşde ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döreýär. Internet arkaly maglumat almak, ätiýaçlandyryş hyzmatlary bilen tanyşmak, degişli hyzmatlardan onlaýn arkaly peýdalanmak we resminamalary elektron görnüşde taýýarlamak raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga hem-de hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga şert döretdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini, tizligini we elýeterliligini has-da ýokarlandyrmak üçin hem täze mümkinçilikler döredilýär. Geljekde hem ätiýaçlandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ykdysady howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýän möhüm ulgamlaryň biri bolup ýardam eder. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris! Jumagözel REJEPDURDYÝEWA.

115
115 21.10.2026
Tutanýerli zähmete höweslendirýäris

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berip, belent sepgitlere eýe bolunýar. Bu ösüş depgini öňdebaryjy pudak bolan gaz senagatynda-da aýdyň duýulýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzda-da tebigy gazyň akymyny artdyrmakda guwançly görkezijiler gazanylýar. Şeýle bähbitli işlerde awtokärhanamyzyň gazçylarynyň gazanýan zähmet üstünliklerini ýatlamak ýakymlydyr. Sürüjilerimiz Garagum çölüniň dürli ýerlerinde zähmet çekýän gazçylara tehnologik enjamlary, dürli maksatly ýükleri öz wagtynda ýetirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly awtoulaglarynyň, dürli kysymly beýleki tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy öňümizde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem sürüjilerimiz gaz çykaryjylary iş ýerlerine gatnatmakda ýadawsyz alada edýärler. Awtokärhanamyzda sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugynyň hünärmenleri bilen düşündiriş çärelerini geçirýäris. Bu bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üns merkezinde saklap, möhüm işleri geçirýäris. Gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak bilen bagly aladalarymyzam ýerine düşüp, gowy görkezijileriň gazanylmagyna ýardam edýär. Wepa AKGAJYKOW.

116
116 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

107
107 21.10.2026
Mähirli aladanyň miwesi

Güneşli Diýarymyzda maşgaladan gözbaşly nesil terbiýesi çagalar baglarynda, soňra bolsa orta mekdeplerde dowam etdirilýär. Şu meselede ylym-bilimiň, edep-terbiýäniň düýbi çagalar baglarynda tutulýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu möhüm wezipä iňňän uly ähmiýet berýär. Çagalar baglarynda oglanjyklardyr gyzjagazlar uly alada bilen gurşalyp, olaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerinde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Körpe nesil hakda edilýän ýadawsyz alada biziň çagalar bagymyzda-da guramaçylykly ýola goýulýar. Biz körpeleriň wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda irginsiz alada edýäris. Terbiýeçiniň işinde sabyrlylyk, geçirimlilik, ýadamazlyk ýaly häsiýetler derwaýysdyr. Türkmen halk ertekileri çagalarda uly gyzyklanma döredip, olardaky gahrymanlaryň hüý-häsiýetleriniň üsti bilen körpelerde ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bähbitlidir. Şol ertekileriň esasynda çagalaryň gatnaşmaklarynda guralýan gysgajyk sahnalaram körpelerde uly täsir galdyrýar. Çagalara okap, ýazyp, sanlary goşup-aýyrmagyň öwredilmegem olaryň ylym-bilime tarap ädimleriniň şowly bolmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Onsoňam, oglanjyklardyr gyzjagazlara goşgulary ýat tutup, aýdym aýtmagyň, tans etmegiň öwredilmegem çaga terbiýesinde wajyp wezipedir. Şeýle hem körpelerimiz dürli ugurlar boýunça çagalar bagymyzda guralýan bäsleşiklerde uly höwes bilen çykyş edýärler. Şäher boýunça geçirilýän bäsleşiklere-de işjeň gatnaşýarlar. Galyberse-de, terbiýeçilik häsiýetli dürli oýunlaram körpelerimiziň wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Ajap eýýamymyzyň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmekdäki yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigi bizi täze sepgitlere ruhlandyrýar. Mamajan AKYÝEWA.

104
104 21.10.2026
Kämil usullaryň mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmek bilen bagly meselä hemişe uly üns berip, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri gowulandyrylýar. Bularyň hemmesi bilim işgärlerine bildirilýän talaby öňe çykarýar. Mekdebimiziň mugallymlary şu talapdan ugur alyp, ýaş nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde uly işleri bitirýärler. Şeýle yhlas-tagallalarymyzyň maksadam ajap eýýamymyzyň watansöýüji, edep-terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär we kämil usullar ornaşdyrylýar Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi möhüm ädim boldy. Mundan başga-da, multimediýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmagy ýaş nesle bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem öňdebaryjy iş tejribeleriniň giňden ýaýradylmagy, ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde netijeli ulanylmagy möhüm meseläniň oňyn çözgüdinde iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimiziň mugallymlary öz işlerinde ýokarda ýatlanlarymyzdan ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Bu bolsa has-da abadan ertirimiziň ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlaryny ösdürip ýetişdirmekde zerur şertleri döredýär. Oguldurdy ORAZOWA.

55
55 20.10.2026
Danalara gulak goýsaň...

Bir şem başga bir şemi tutaşdyrany bilen öz ýagtylygyndan hiç zat ýitirmez. Möwlana Jelaleddin RUMY. *** Kitapsyz öý jansyz göwrä çalymdaşdyr. SISERON. *** Täze güne täze pikir bilen giriş! DEMOKRIT. *** Bilim adamy körzehinlikden, ýagşylyk edip ezýet çekmekden, anyk netije berip bilmek bolsa şowsuzlykdan halas edýär. KONFUSIÝ. *** Kimde-kim bilim alyp, şony hem durmuşda peýdalanyp bilmese, ol adam ýer sürüp, tohum sepmeýän daýhana çalymdaşdyr. *** Gury sandyr, adam bolsa bilimsiz, Ganaty gyryk guş uçmaz, biliň, siz! SENAÝY. Toplan Döwletmyrat AKMYRADOW.

59
59 20.10.2026
Gyzlaryň (Aýdym)

Gyzlar hakda söz açsaň, böker durar ýürekler, Gyzlar hakda söz açsaň, egiler dik derekler, Gyzlar hakda söz açsaň, janlanar janserekler, Çünki başda ajaýyp döreýşi bar gyzlaryň. Endamyň dyglap gider, gara saçlar çözlense, Ýüregiň jigläp gider, saç serpilip gözlense, Gara saçdan tuty tutup, gara gözler gizlense, Seni örtäp saçlaryn daraýşy bar gyzlaryň. Diş degmedik al ýaňak — alma ýaly ýaňakly, Nar dänesi deý lebi, çukurjykly eňekli, Göründiň garbap iljek ujy täsin çeňňekli, Söýgi sapagyn çözläp, saraýşy bar gyzlaryň. Ýöreýşimi görmäge çykylmasyn diýýämi, Ýelginimden ýigitler ýykylmasyn diýýämi, Ýa nazarlap ýörenim bukulmasyn diýýämi, Seýkin basyp ýuwaşja ýöreýşi bar gyzlaryň. Beýle-de bir beýik zat dörär eken dörese, Ýerem ýaýdanýan ýaly, sallanyp gyz ýörese, Sergezdan ýigitlerden göwnüne kim ýarasa, Göz astyndan ogrynça garaýşy bar gyzlaryň. Sapar ÖRÄÝEW.

53
53 20.10.2026
Jümleler näme diýýär?

Gazanany bezenenine ýetmezlik — ýerliksiz harçlamak, ýet-de-güt-de ýaşamak, kör güzeran bolmak. Gazap atyna atlanmak (münmek) — gazaba münmek. Gazap ody — joşan, möwç uran gahar-gazap. Gazygynda garrasyn — başdaşyndan aýrylmasyn, baran ýigidi bilen ömürlik ýaşasyn, nika pozulmasyn (täze edinilen gelin hakda). Gazykdan ýöretme — bilimsiz, zehinsiz, nadan, ukypsyz, kütek. Gazyk (agaç) ýuwdan ýaly bolup durmak — gazyk ýaly bolup (somalyp) durmak. Gaýnap joşmak (daşmak) — ylhamyň göterilmek, hyjuwyň artmak, soňky hetde gelmek. Gamza kakmak — gaş kakmak, gözüňi-gaşyňy oýnatmak, näz-kereşme etmek, näz bilen yşarat etmek. Gamzaň oky — näz-kereşmeli garaýyş. Gam laýy — çykgynsyz alada, tükenmez gussa. Gamyny iýmek — ugruna çykmak, çäresini görmek, aladalanmak, aladasyny etmek. Gamyş ganat — ganat-peri bekemedik, ýaňy uçurym bolan (guşlar hakda). Ganatyny gyrmak — kuwwatdan gaçyrmak, gurbatdan düşürmek, hereketsiz galdyrmak. Ganyň gatamak — suwsamak, tebsiremek. Gaňňaňy garnyňa almak — kesirlik etmek, tersleşmäge meýil etmek, keçlige tutmak, yrsaramak. Gapy-gapy syrmak — gezende bolmak, ykmanda bolmak. Gapyl basmak — duýdansyz barmak, güpbasdy etmek. “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.

116
116 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

216
216 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

214
214 17.10.2026
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Muhammetberdi KUŞIÝEW.

224
224 17.10.2026
Halkyň galkynan ykbaly

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, kesgitlenen wezipeleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň TDEI-niň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Halk Maslahaty halkyň galkynan ykbaly, döwletiň sarsmaz sütünidir” atly çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Gurbanmyrat Şanazarow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman laboranty Maýagözel Akmämmedowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Gülşat Çetliýewa çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

216
216 16.10.2026
Demokratiýanyň dabaralanmagy

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini, onda kabul edilen kararlaryň uly ähmiýete eýedigini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Mary etrap medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty: demokratiýanyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. Etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, umummilli forumdan gelip çykýan wezipeler we kabul edilen kararlar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ogulnur BERDIÝEWA.

203
203 15.10.2026
Ýokary ruhubelentlik döretdi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütlerdir Kararlar kabul edilip, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis halkymyzda ýokary ruhubelentlik döretdi. Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, il-ýurdumyzyň parahat, asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy hakynda edilýän aladalar barada giňişleýin durup geçdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek, halkara gatnaşyklaryny has-da berkitmek hakyndaky parasatly pikirleri öňe sürdi. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi, geljekki ösüşlerimize badalga berdi. Peder ýoluna eýerýän hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli şertler bar. Il-ýurduň has-da ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýän agzybir halkymyz Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Atajan HOJALYÝEW.

210
210 15.10.2026
Abadan geljegimiziň wezipeleri

Üstümizdäki taryhy ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentlik döredýär. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetliligiň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen bu forum jemgyýetimiziň dürli nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abadan geljegine kuwwatly itergi berer. Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy. Gülşat REJEPOWA.

217
217 15.10.2026
Bagtyýar eýýamyň okgunly gadamlary

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatnyň mejlisinden gelip çykýan wezipelere we ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine bagyşlanyp  Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde  gurnamagynda  “Bagtyýar zamananyň batly gadamlary” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mary myhmanhanasynda ýokary guramaçylykly geçirlen bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, partiýanyň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Bu ýerde  çykyş edenler Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlardyr çözgütler we şol çözgütleriň hem il-ýurt bähbidine gönükdirilendigi barada buýsanç bilen bellediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler dogrusyndaky gürrüňler hem wagyz-nesihat duşuşygynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Merjen Çaryýarowa.

215
215 14.10.2026
Rowaçlyklara beslenen dabaraly ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerine ser salanyňda, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerine buýsanjyň artýar, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna guwanjyň goşalanýar. Munuň şeýledigine biz her ädimde göz ýetirýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygar dillerde sena bolup ýaňlanýar. Bu taryhy ýylyň 27-nji sentýabrynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy uludan tutuldy. Nesip bolsa 12-nji dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygynyň toýy dabaraly bellenilip geçiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Bitaraplygyň saýasynda gazanylýan üstünlikler eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle ajaýyp ösüşler bolsa kalbyňy buýsanja besleýär. Çünki, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň il-günümize beren bagty egsilmezdir. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda barha gözelleşýän ata Watanymyzyň şan-şöhraty älemi tutsun! Zähmetsöýer halkymyza hemişe bagtyýarlyk we rowaçlyk ýar bolsun! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaç alsyn! Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

2336
2336 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2181
2181 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2416
2416 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2349
2349 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2251
2251 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2742
2742 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2148
2148 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2526
2526 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.