8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda, edara – kärhanalarynda zähmet çekýän gelin – gyzlara iberen baýramçylyk pul sowgadyny gowşurmak dabaralary Mary welaýatynyň hem ähli künjeklerinde uly ruhubelentlige beslenýär. Baýramçylygyň öň ýanynda welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde ýaşaýan mährem enelerimize hem Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk pul sowgatlary we ter çemenler jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli iberen pul sowgatlaryny ellerine alyp, begenç – buýsanç bilen ýüzlerine sylýan kümüş saçly eneler bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza zenan kalbyndan joşup çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.
Merjen Çaryýarowa.








