Ýakynda Mary şäherindäki 32-nji çagalar bagynda welaýatymyzyň etrap-şäherlerindäki çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň arasynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «Başarjaň eller» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Çagalaryň döredijilik ukybyny, başarjaňlygyny, zehinini açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşik, diýseň, gyzykly boldy.
Bäsleşikde çagalar surat çekmek, ýelimlemek, gurnamak boýunça döredijilik işini taýýarlamak, ýerine ýetirilen işi barada gysgaça gürrüň bermek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Eminler toparynyň adalatly baha bermeginde ýeňijiler yglan edildi. Onda Türkmengala etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň körpesi Züleýha Ýagşymyradowa 1-nji, Murgap etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň körpesi Aly Babalyýew 2-nji, Oguzhan etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň körpesi Kemal Agamyradow 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňiji bolanlara welaýat baş bilim müdirliginiň diplomlary we TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sülgün ŞADYÝEWA.








