Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Nabat Atajanowa.








