Ýurdymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi ýaly 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen maslahata bu okuw jaýynyň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrynda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler.
Altynaý Seýitberdiýewa.








