Golaýda TMÝG-niň welaýat, Sakarçäge etrap geňeşleri Sakarçäge etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler. “Kitap — bilimleriň açary” atly bu duşuşyk etrabyň medeniýet bölüminiň kitaphanasynda guralyp, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary arkaly ýaşlarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekden ybarat boldy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda kitaphananyň müdiri Selbi Geldiýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bölüm müdiri Laçyn Kakajanowa, TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşiniň baş hünärmeni Owadan Atdaýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň türkmen ýaşlary üçin terbiýeçilik ähmiýetini nygtadylar. Kitabyň her birimiz üçin ýakyn maslahatçydygy, onuň ylym-bilimiň, aň-düşünjämiziň ösmeginiň egsilmez çeşmesidigi barada gyzykly gürrüň berdiler.
Aýnabat ATAÝEWA.








