Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Milli miras — bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen welaýat kitaphanasynyň göçme kitap sergisi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada ýugrulan türkmen halkynyň şanly geçmişini, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini wasp edýän we milli gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, asyrlaryň dowamynda mynasyp dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerimizi beýan edýän ajaýyp kitaplarynyň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.
Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylarynyň, institutyň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda guralan bu sergi täsirli boldy. Sergä gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülnabat HOJAMYRADOWA.








