Golaýda etrap merkezi kitaphanasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, etrap bilim ulgamynyň we etrabyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Kitap akyl-paýhas hazynasydyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetgylyç Nepesow, etrapdaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammetmyrat Allakulyýew, etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa, etrapdaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy Alma Agaýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň baý many-mazmuny hem-de terbiýeçilik ähmiýeti barada durup geçdiler. Şeýle hem, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleriniň ýaş nesillerde watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini terbiýelemekde gymmatly gollanmadygyny nygtadylar.
Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap derejede ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýgül ILMYRADOWA.