Ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşi, TAP-nyň etrap komiteti, etrap bilim bölümi, etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde etrap merkezi kitaphanasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň maksady ýaşlarda kitaba bolan söýgini ösdürmekden, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany we zähmete söýgini döretmekden ybarat boldy.
«Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary» atly duşuşygyň dowamynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Mähri Kulyýewa, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Garahanowa çykyş etdiler. Olar — türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimizi wasp edýän “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew” ýaly ajaýyp eserlerini halkymyza peşgeş bermegi we ahalteke bedewlerimize uly hormat, çuňňur sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Döwlet Baýramow.








