Ilat arasynda ýiti ýokanç içege keselleri örän köp duş gelýär. Ýiti ýokanç içege kesellerinde umumy ýarawsyzlyk, ýokary derejede ysgynsyzlyk, ýürek bulanma, gaýtarma, kä halatlarda täretiň bozulmagy, belli bir wagtda bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly kliniki alamatlary ýüze çykýar. Ol bakteriýalaryň we wiruslaryň üsti bilen adamdan adama ýokuşyp bilýän ýokanç keseldir. Ýiti ýokanç içege keselleri, esasan hem çig suwuň, iýmit önümleriniň, galtaşyk ýollarynyň üsti bilen geçýär.
Suwuň üsti bilen ýaýramagyna ýaramaz hilli agyz suwundan we açyk ýaplardaky ýata suwlardan peýdalanylmagy, suw howdanlarynyň hapalanmagy sebäp bolýar. Iýmit önümleriniň kesel döredijiler bilen hapalanmagy we adamlaryň şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmezligi sebäpli, bu kesel ýokuşyp bilýär. Maşgalada, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, mekdeplerde arassaçylyk we şahsy gigiýena düzgünleriniň bozulan ýagdaýynda, çaga toparlarynyň biri-biri bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy düzgünleriň bozulmagy hem keseliň döremegine getirýär.
Ýiti ýokanç içege keselleriniň ýokuşmazlygy üçin berjaý edilmeli endikler:
- nahardan öň we soň eliňizi sabynlap ýuwmaly;
- arassa ýa-da gaýnadylan agyz suwuny içmeli;
- gök önümleri gowy edip, arassa, akar suwuň aşagynda ýuwmaly;
- galtaşyk ýollarynyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmeli;
- dogry iýmitlenmeli we adam bedeniniň durnukly immunitetini galdyrmaly.
Saglyk ähli baýlygyň açarydyr. Her bir adam öz saglygy hakynda alada etmäge borçludyr.
Amançary HYDYROW.








