Hormatly Prezidentimiziň bagçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladalaryna mynasyp işler bilen jogap berýän Mary welaýatynyň ussat bagbanlary bereketli topraga yhlas siňdirip, miweli baglaryň ýokary hasyl berýän görnüşlerini ýetişdirmekde baý iş tejribe toplaýarlar. Ylmyň ygtybarly tejribelerini bagçylyk pudagyna ornaşdyrmak arkaly zähmet çekýän Mary welaýatyň Wekilbazar etrabynyň ussat bagbanlary hem şu günler baglaryň datly miwelerini ýygnamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Ýurdumyzda babadaýhanlaryň gujur – gaýratly zähmet çekmekleri barada döredilýän amatly şertleriň netijesinde Mary welaýatynda bölnüp berlen ýer böleklerinde miweli baglaryň dürli görnüşlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan ussat bagbanlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň bagçylyk pudagynda amala aşyrýan özgertmeleri, daýhanlara ähli babatda berýän kömekdir goldawlary miweli baglary ýetişdirýän bagbanlaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýar. Netijede ýerlerde güneşe baý topragymyzda ýetişýän we datly miweleri eçilýän gür bagly meýdanlar emele gelýär. Idegi birkemsiz ýetirilýän baglaryň şahalarynda düzüm – düzüm bolup gözüňi dokundyrýan dürli görnüşli, baldan datly miweler bagbanlaryň çekýän zähmetlerini ýerine düşýändiginden habar berýär. Ata – babalarymyzyň daýhançylyk tejribelerini, ylmyň gazanan täzeçe usullaryny bagçylyk pudagyna ornaşdyrýan Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginiň bagbanlary hem bölünip berlen ýer böleklerinde miwe berýän baglaryň köp sanly görnüşlerini ýetişdirmekde nusga alarlyk işler bitirýärler.
Ýurdumyzda miwe önümleriniň bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýan ussat bagbanlar şu günler aralyk ýetişýän miwe bolan şetdalynyň hasylyny ýygnamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Düzüminde ynsan saglygy üçin birnäçe witaminleri özünde jemleýän şetdalyny terligi bilen ýygnap, ak bazarlarymyzyň üsti bilen ilatymyza ýetirmek ussat bagbanlarynyň esasy baş maksady bolup durýar. Baglaryň şahalaryndaky gözüňi dokundyrýan bol miweler bagbanlaryň çekýän halal we päk zähmetleri bilen kemala getirilýär. Ussat bagbanlaryň ideg edýän bagçylyk pudagynda şetdalydan başga-da irki ýetişýän erigiň, üljäniň, hurmanyň, garalynyň, saralynyň we giçki ýetişýän almanyň, aralyk ýetişýän armydyň dürli görnüşleri bar. Bu baglaryň hem ýylyň – ýylyna bol hasyl eçilýändigini ussat bagbanlar uly buýsanç bilen aýdýarlar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda datly miweleri ýetişdirmekde Mary welaýatynyň bagbanlarynyň çekýän bu gujur – gaýratly zähmetleri ýurdumyzda halkymyzy miwe önümleri bilen üpjün etmekde amala aşyrylýan belent maksatly işlere goşýan mynasyp goşantlarydyr. Öz söýgüli kärlerinden rysgal – döwlet tapýan bagbanlar ýurdumyzy gür baglyga öwürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek barada amala aşyrýan döwletli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.