Ýagşy arzuw niýetler bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna gadam basan oba zähmetkeşleriniň ümzükleri ileri. Olar şu günlerde gyş-meýdan işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Kärendeçi daýhanlar hormatly Prezidentimiziň toprakdan bol hasyl almak üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerine zähmet üstünlikleri bilen jogap bermäge çalyşýarlar.
Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Hojalykda işine ökde, tejribeli kärendeçileriň biri hem Merdan Orazjumaýewdir. TAP-nyň işjeň agzasy, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi M. Orazjumaýew 200 gektar ýere eýelik edýär. Ol kärende ýerinde bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär. Geçen — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny oňat netijeler bilen tamamlan tejribeli kärendeçi eýelik edýän ýeriniň 100 gektarynda ak ekiniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda aladalanýar. Şu günlerde iýmitlendiriş, ösüş suwy geçirilýän bugdaý maýsalary daýhanyň göwnüni göterýär. Bol hasyl ugrunda aladalanýan kärendeçi 10 gektar ýerinde gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirdi. Galan ýerinde bolsa, pagta ekişini geçirmek üçin taýýarlyk işlerini giňden alyp barýar. Zähmetsöýer kärendeçä kömekçileri — Çaryýar Jumaýew, Hojaberdi Nurlyýew, Bazar Hommadow meýdanda ýerine ýetirilýän islendik işlerde ýakyn ýardamçy bolýarlar. Şeýle-de, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary hem kömek berýärler.
Kärendeçiniň ýeriň, ekiniň ýagdaýyna kemsiz düşünýän hakyky zähmet adamsydygyna ösüp oturan hasyllaryndan, işleri guramaçylykly alyp baryşyndan göz ýetirmek bolýar. Ol täze ýylyň başyndan ekerançylykda zähmet üstünliklerini gazanmagy özüne maksat edip goýýar.
Merdan Orazjumaýew Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ene toprakdan öndürilýän hasylyň möçberini artdyrmak üçin döredýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak bilen çekýän zähmetiniň hözirini görýär. Biz hem Merdan Orazjumaýewiň belent maksatly tutumly işleriniň şowly bolmagyny arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








