Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlarda öndürýän önümleriniň ornuny tutup bilýän önümleri öndürýän kärhanalaryň işlerini talabalaýyk ýola goýmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde Mary welaýatynyň işewür telekeçileri netijeli işleri alyp barýarlar. Hususyýetçileriň önümçilik gözlegleri we kärhanalara häzirki zamanyň kämil tehnologiýaly enjamlaryny ornaşdyrmaklygy netijesinde harytlaryň täze görnüşleri ilata hödürlenýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki “Eziz erkin” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy hem ýurdumyzda ilkinjiler bolup, syýa galamyny öndürmek işlerini ýola goýan kärhanalaryň biridir.
Mekdep okuwçylaryna we halk köpçüligine niýetlenen bu önümi öndürmek işleri awtomatik usulda dolandyrýan daşary ýurduň täze tehnologiýaly enjamlary arkaly amala aşyrylýar. Bu önümi öndürmekde ýerli polietilen çig maly hem-de daşary döwletden getirilýän syýa önümi ulanylýar. Kärhanada zähmet çekýän gujurly ýaşlaryň tagallasy bilen her aýda şular ýaly dürli reňkli syýa galamynyň ortaça iki ýüz müňe golaýy taýýarlanylýar. Gök, ýaşyl, gyzyl, gara syýa galamlary daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşige ukyply önümler bolup durýar. Işewür telekeçileriň irginsiz çekýän zähmetleri netijesinde öndürilýän bu syýa galamlary täze okuw ýylyna uly taýýarlyklar görýän mekdep okuwçylary üçinem uly sowgatdyr.
Kärhananyň işçileri öz öndürýän önümleri bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek bilen birlik-de daşary ýurtlara hem eksport edýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edýän aladalaryndan ruhlanyp işleýän hususyýetçiler geljekde syýa galamyndan başga-da ýelim görnüşli bedre we oturgyç ýaly önümleri öndürmekligi hem meýilleşdirýärler. Bazar ykdysady şertlerinde maksada okgunly we netijeli işleri alyp barýan hususy önümçilik kärhanasynyň işçileri orta we kiçi telekeçiligi ösdürmekde uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.