Islendik işe yhlasly ýapyşylmagy özüniň ajaýyp miwesini berýär. Ene toprak hem işjanly, zähmete berlen adama berekedini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigine rysgyny toprakdan alýan her bir kärendeçi örän oňat düşünýär. Welaýatymyzda halal zähmeti hemra edinip, bol hasyl ugrunda aladalanýan kärendeçi daýhanlaryň ençemesi bar. Bugdaýdyr pagtany we beýleki ekinleri ýetişdirmekde tejribe toplap, ýylyň-ýylyna ýokary görkezijileri gazanýan kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginden Enejan Täçnazarowa.
Zähmet adamsy hökmünde özüni tanadan Enejan Täçnazarowa 2 gektar ýere eýelik edýär. Ol hemişe az ýerden köp hasyl almagy maksat edinýär. Kärendeçi zenan toprakdan bol hasyly kemala getirip, oba hojalygynyň ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Şu üstünligi bolsa onuň topraga bolan yhlasyny, hyjuwyny has-da artdyrýar. Taryhy wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem eýelik edýän ýerinde gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdi. Onuň her hanasy gysymyňy doldurýan pagtaly meýdanyny synlanyňda, onuň hakyky zähmet adamsydygyna göz ýetirýärsiň. Agzybirlikli, arkalaşykly zähmetiň hemişe oňat netije berýändigine düşünýän daýhan zenan meýdan işlerini maşgala agzalary bilen birlikde ýerine ýetirýär. Ol üstümizdäki ýylda hem ýetişdiren pagtasynyň geçen ýyllardakydan pes bolmajakdygyna ynanýar. Şeýle ynamyň aňyrsynda bolsa ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň tejribesi jemlenen.
— Biz ýerimize ähli yhlasymyzy, wagtymyzy siňdirýäris. Şu ýyl hem has hyjuw bilen işläp, eken ekinimizden bol hasyl almak üçin öňünden aladasyny etdik. Indiki wezipämiz hem ýetişdiren hasylymyzy wagtynda ýygnamakdan ybarat. Bu işe hem ilkinjileriň hatarynda girişdik. Bize kömekçi gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler — diýip, kärendeçi Enejan Täçnazarowa gürrüň berýär.
Biz hem pagta ýygymy möwsüminde daýhan yhlasynyň ýerine düşmegini, çekýän zähmetiniň hözirini görmegini arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








