Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmek bilen bagly işlere hemişe uly üns berip, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri gowulandyrylýar. Bularyň hemmesi bilim işgärlerine bildirilýän talaby öňe çykarýar.
Mekdebimiziň mugallymlary şu talapdan ugur alyp, ýaş nesle döwrebap bilim, mynasyp terbiýe bermekde uly işleri bitirýärler. Şeýle yhlas-tagallalarymyzyň maksadam, ajap eýýamymyzyň watansöýüji, edep-terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär we kämil usullar ornaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi möhüm ädim boldy. Mundan başga-da, multimediýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmagy ýaş nesle bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem öňdebaryjy iş tejribeleriniň giňden ýaýradylmagy, ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde netijeli ulanylmagy möhüm meseläniň oňyn çözgüdinde iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimiziň mugallymlary öz işlerinde ýokarda ýatlanlarymyzdan ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Bu bolsa abadan ertirimiziň ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlaryny ösdürip ýetişdirmekde zerur mümkinçilikleri döredýär.
Allamyrat MÄMMEDOW.








