Sanly ykdysadyýet dünýäniň aglaba döwletlerinde giňden peýdalanylýan ulgam bolup, onuň köptaraplaýyn ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda tutumly işlere badalga berildi.
Milli ykdysadyýetimizde we beýleki ugurlarda bolşy ýaly, sanly ykdysadyýetiň gümrük gullugynyň edaralaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti has-da uludyr. Sebäbi, sanly ulgamy gümrük gullugynda işleriň şu günüň ýokary talabyna laýyklykda alnyp barylmagynda täze mümkinçiliklere giň ýol açýar. Öňdebaryjy kämil tehnologiýalar, tilsimatlar ýükleriň ähli görnüşlerini gümrük gözegçiliginden geçirmekde amatly şertleri döredýär. Gümrük gözegçiliginiň hilini ýokarlandyrmakda, bu işde wagtyň tygşytlanylmagynda sanly ulgamyň artykmaçlygy işimiziň netijeliligini ýokarlandyrýar. Kämil ulgamyň jogapkärli wezipämizdäki amatlyklary ýükleriň gümrük gözegçiliginiň ýokary talaba laýyk we gysga wagtda geçirilmegindäki ähmiýeti ýokary bolup durýar.
Allaberdi ORAZDURDYÝEW.