Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösüşli menzilleri rowaçlanýar. Önümçilik kuwwatlyklaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýokary görkezijileriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle öňegidişliklere elektroenergetika pudagynda gazanylýan üstünlikleriň mysalynda doly göz ýetirmek bolýar.
Elektroenergetika pudagy ýurdumyzyň öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biri bolmak bilen, elektrik energiýasyny öndürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Pudagyň önümçilik kärhanalaryna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylyp, gowy netijeler gazanylýar. Mary DES-niň senagat zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap elektrik stansiýalary ýokarda ýatlanymyza aýdyň mysalydyr. Ýokarda ýatlanan meseleleriň oňyn çözgüdi belli bir derejede institutymyzda bilim alýan, hünär öwrenýän talyplaryň hünär taýýarlyklaryna baglydyr. Şonuň üçin biz — ýaşlaryň talaba laýyk bilim almaklary, saýlan ugurlary boýunça işine ökde, ezber hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalary edýäris.
Wepa DAŇATAROW.








