,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine, şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly Mary etrap häkimliginiň, etrap halk maslahatynyň, Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň Mary etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem çuň mana eýe boldy. Bu ýerde Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy has-da ösdürmek boýunça garaljak meseleler we onuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine raýatlardan gelýän teklipleri öwrenmekde we halk maslahatynyň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna görülýän taýýarlyklar bilen bagly täsirli gürrüňler etdiler. Parahat Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşuny üpjün etmekde, halkymyzyň agzybirligini jebisleşdirmekde Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda-da bu ýerde çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşanlar halkymyza baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa








