Hurma ABDYÝEWA.
Ýolöten etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni:
— Men okuwçy wagtymdan bäri sportuň jiu-jitsu, sambo görnüşleri boýunça tälim alyp başladym. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Azat Akmyradowdan göreşmegiň inçe usullaryny öwrendim. Tälimçimiň ýardamy bilen dürli ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Etrap, welaýat, döwlet derejesinde gazanan üstünliklerimiň netijesinde halkara derejesinde geçirilen ýaryşlara- -da gatnaşmaga pursat boldy. Halkara ýaryşlarynda-da gazanan her bir ýeňşim meni, tälimçimi, maşgala agzalarymy, dost-ýarlarymy diýseň begendirdi.
Türkmen sportunyň at-abraýynyň arşa göterilmeginde şahsy goşandymyzy görkezýän biz — türgenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldawyna mynasyp bolýarys. Ýyllar boýunça gazanylan üstünliklerim bu günki gün meni hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna eýe bolmagyma getirdi. 2025-nji ýylyň awtoulagy bolan, ak reňkli “Toyota Camry HEV 2.5L” kysymly awtoulagyň açaryny hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gowşurmagy meni örän tolgundyrdy, täze maksatlara has-da ruhlandyrdy.
Türkmen türgenlerine sport äleminde uly üstünlikleri gazanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiň hem-de maşgalamyň adyndan çäksiz sagbolsunymy aýdýaryn.








