Arka ýel çalmak — birneme asudalyk aralaşmak, aladadan boşaşmak.
Arkaly-döşli bolmak — hossar tapynmak, durmuş gurmak.
Arkan gaýyşmak — öz eňegiňe tutmak, öz diýeniňi gögertjek bolmak, ýakasy gaýyşly bolmak, kesirlik etmek.
Arpa ekip, bugdaý orjak bolmak — nebsewürlik edip, bolmajak, ýerliksiz işi etjek bolmak, çendenaşa uly tama etmek, nebsiňi şaglatmak.
Arrygyňy gynamak — bir zadyň ugrunda heläk bolmak, biderek azap çekmek, emgenmek.
Arynyň öýjügini gorjamak — belany başyňa satyn almak, öjükdirmek.
Atam döwri — uzak geçmiş, gadym eýýam.
At goýmak (salmak) çapyp, ýortup gitmek, dazanaklap, howlukmaç gitmek, okdurylmak.
At oýnatmak — mönsürän, bilmediksirän bolmak, köpbilmişlik etmek, birini oýnajak bolmak.
At tezegini guratmazlyk — köp gatnap ýürege düşmek, irginsiz baryp durmak.
Atyň gulagy ýaly — bary bir, tapawudy, parhy ýok.
Atyňy ýeke çapmak — öz eňegiňe tutmak, ile gulak asmazlyk, özbaşyňa hokga çykarmak, köpçüligiň tersine gitmek, özbaşdaklyk etmek.
“Türkmen diliniň
frazeologik sözlügi” kitabyndan.








