Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda zenanlara aýratyn sarpa goýlup, olaryň yhlasly zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Häzirki zaman jemgyýetinde uly orny eýeleýän zenanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan beýik işlere özleriniň şahsy goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi ýurdumyzda zenanlara uly ähmiýet berilýändiginden habar berýär.
Türkmen jemgyýetiniň möhüm bölegini düzýän zenanlar häzirki wagtda döwlet dolandyryşynyň dürli düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işlemek, daşary syýasy işlere gatnaşmak we telekeçilik bilen meşgullanmak arkaly Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Şeýle-de, zenanlaryň hem-de çagalaryň goraglylygy, gender deňligi ugrunda ýurdumyzda ençeme işler alnyp barylýar. Bu babatynda dünýä ýüzünde döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Munuň şeýledigine geçirilýän halkara forumlar dolulygyna şaýatlyk edýär.
Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň, ýakynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatynyň geçirilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edip, munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän däplerimize eýerilip, zenanlaryň mertebesiniň sarpalanylýandygyny, olaryň jemgyýetdäki ornunyň uludygyny we möhüm ähmiýete eýedigini açyp görkezýär. Şeýle halkara forumlarynyň geçirilmegi bolsa, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga uly itergi berýär. Mundan başga-da, bu forum zenanlaryň we çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki, ata Watanymyzda zenanlaryň hem-de çagalaryň hukuklary goralyp, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy, çagalaryň sagdyn bolup kemala gelmegi ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan döwletimiziň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagy, türkmen halkynyň bolelin durmuşda ýaşamagy, zenanlaryň mümkinçiliginiň artdyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläkde giňeldilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Zenan mertebesini belentde tutýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Sülgün ŞADYÝEWA.








