Gadym-gadym zamanda,
Ýaşanmyşyn är-aýal.
Çagasyzja tünekde,
Ne goh bar, ne galmagal.
Maslahat edenmişler,
Goja bilen aýaly.
Orta atanmyşynlar,
Köňle gelen hyýaly.
— Eý, keýwany-keýwany!
Tutaly biz bir iti.
Bu öýdäki tukatlyk,
Ýürege düşýär gaty.
Şeýdip bular höwürlik,
Tutanmyşlar bir iti.
Olaň tutan köpegi,
Wepalymyşyn gaty.
Öýüň bosagasynda,
Köpek goýup başyny.
Uzakly gün goranmyş,
Töweregini-daşyny.
Günlerde bir gün gojaň,
Agralanmyşyn haly.
Oda-köze düşýärmiş,
Onuň garry aýaly.
Garryň agyr halyny,
It ýüregi duýanmyş.
Çünki, ynsan mysaly,
Eýesini söýenmiş.
Garryň haly agralyp,
Tabşyran amanady.
Daşarda bolsa çyňsap,
Jan berenmişin iti.
Goja bile itini,
Bir ýerde jaýlanmyşlar.
Daşyna-da ýylgyndan,
Haýat hem aýlanmyşlar.
Wepadar köpekleriň,
Ynsan deýin akyly.
Ýerine düşen jümle:
“It wepadar” nakyly.
Ogulbäbek AGAJANOWA.








