Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde azyk önümleriniň bolçulygynyň ygtybarly üpjün edilmegine ýurdumyzyň kiçi hem-de orta telekeçilik ulgamynyň işewür telekeçileri saldamly goşantlaryny goşýarlar.Mary welaýatynyň etraplarynda hem-de şäherlerinde hereket edýän telekeçilik kärhanalarynyň hem ençesi azyk önümçiligini özüniň esasy iş ugry edinip,içerki bazarda ornuny tapmak üçin dürli görnüşli, bäsleşige ukyply,ýokary hilli azyk önümlerini öndürýärler.Welaýatyň Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Derwüş” et we şöhlat önümlerini öndürýän hususy kärhana hem şolaryň biridir.
Kärhananyň önümçiligine Germaniýanyň önüm öndürijileriniň eti gaýtadan işlemekde ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrlypdyr.Bu ýerdäki önümçilik toplumy eti üweýän,garýan,taýýar garyndyny gaplaýjy, bişiriji döwrebap enjamlardan ybarat. Kärhananyň önümçiligi üçin gerekli çig mal-et önümi ak bazarlardan iki tarapa-da bähbitli esasda satyn alynýar.Elbetde,kärhananyň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bu ýerde ýaşlaryň ençemesine täze iş orunlarynyň dörändigini aýtmak has-da ýakymly.Häzir kärhanada et hem-de şöhlat önümleriniň edi görnüşi işlenilip çykarylýar.Harytlyk görnüşi hem hili ýokary bolan gaýnadylyp sowadylan, kakadylan nem-de “Päkize”, “Bahry”, “Murgap”, “Şamçyrag” we towuk etinden taýýarlanylýan “Laçyn” atly şöhlat önümlerine alyjylar tarapyndan köp isleg bildirilýär.
Häzir kärhananyň önümleri etrabyň,Mary şäheriniň söwda nokatlary arkaly elýeterli nyrhlardan alyjylara ýetirilýär. Enjamlar toplumynyň taslama kuwwatlylygy boýunça her günde bir tonna eti gaýtadan işlemeklige mümkinçiligi bar.Kärhananyň işgärleri geljekde et we şöhlat önümleriniň önümçiligini ene-de giňeltmekligi meýilleşdirýärler.Kärhananyň özlerine önüm öndürmäge döretýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri,Gahryman Arkadagymyza,Hormatly Prezidentimiz,Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.