Paýhas synagy
Gadym zamanda bir patyşanyň üç ogly bolupdyr. Olaryň üçüsi-de basdaş eken. Olaryň üçüsi hem goç ýigit bolup ýetişýär. Patyşa olary öýlendirmek we durmuş ýoluna ugrukdyrmak maksady bilen ýanyna çagyrýar:
— Adama nesip bolan bu täsin durmuş ikä bölünýändir. Ýarysy dert bilen kynçylykdyr, beýleki ýarysy bolsa şatlyk bilen üstünlikdir. Ol her ynsanyň başynda bardyr. Ogullarym, men siziň pikiriňizi bilmek isleýärin. Siz olaryň haýsyny öňürti, haýsyny bolsa soň başyňyzdan geçirmekçi bolýarsyňyz? Jogabyňyzyň agramyna görä, men size mülk paýlamakçy — diýip, ilki nobaty uly ogluna berýär.
— Atam, men durmuşyň birinji ýarymyny güýjüm, hyýalym sagdynka dertdir kynçylygy geçiresim gelýär. Ikinji ýarymyny bolsa aýagymy arkaýyn uzadyp, çagalaryma maslahat berip, agtyklaryma guwanyp, şatlykda, üstünlikde ýaşasym gelýär — diýip, uly ogly jogap berýär. Söz gezegi ikinji ogluna gelende, ol:
— Atam, meň-ä ýaş wagtym durmuşyň lezzetini görüp, şatlanyp ýaşasym gelýär. Garran çagym şatlyk-şagalaň nämä gerek, onuň gyzygy hem bolmaz — diýýär. Nobat körpe ogla gelende:
— Allaň bereni bolar, atam! Eger-de, meniň diýenim kabul bolsa, onda gezekli-gezegine beräýsin. Ýöne, hormatly atam, birden agalarym horluk-kynçylyga uçrasa, başardygymdan kömek ederin — diýip, sözüni tamamlaýar. Patyşa ogullarynyň pikirini diňläp:
— Bu sözleriňizi diňe men däl, belki Yaradan hem eşidendir. Şonuň üçin saýlan ýoluňyz özüňiziňkidir. Sabyr bilen ýaraglanyp, erkiňizi ýitirmän, durmuş kynçylyklaryndan üstün çykmagy arzuw edýän — diýip, sözüni tamamlaýar. Ondan soň olary halan, saýlan gyzlaryna öýlendirip, üç gije-gündiz toý edýär. Durmuş ýoluna ugrukdyrmazdan ozal:
— Kim öz halkyny hor etmän, agzybir saklamagy başarsa, men dünýämi täzelänimden soň şol hem tagty ýöretmäge mynasyp bolar — diýip, ogullaryna mülk paýlap berýär. Uly şazadany maldarçylyk bilen meşgullanýan welaýata ýolbaşçy edýär. Ortanjy şazadany derýanyň kenarynda ýerleşýän, ekin-dikin bilen meşgullanýan welaýata ýolbaşçy edip goýýar. Kiçi şazadanyň aýdan sözlerini ýüregine has ýakyn görüp, ony öz golaýyndaky welaýata ýolbaşçy edip belleýär. Şazadalar öz saýlan niýetlerine, dileglerine görä ýaşap başlaýarlar. Ýöne uly oglunyň welaýatynda uly iliň malyna kesel degip, köp bölegi gyrlyp, açlyk-horluk çekip başlaýar. Ortanjy oglunyň welaýatynyň ekin-dikini ugruna bolup, gowy hasyl berýän eken. Emma şazadanyň özi baýlyga, meslige çydaman, keýpe-lezzete kowalaşyp başlaýar. Agasynyň horluk çekýänine nebsi hem agyrmaýar, hiç hili kömek bermeýär. Şeýdip özünden hoşal bolup ýörýär.
Kiçi ogul öz halky bilen ortaça ýaşaýardy. Ol Allanyň bereni bilen oňup, söz berşi ýaly, doganlaryndan habar tutup durýan eken. Uly agasynyň halkyna başardygyndan kömek edýär. Ortanjy agasynyň ýanyna baryp, uly agasynyň horluk çekýänini habar edende ol:
— Oňa kömek etsek, ol patyşalyga dyzar, diňe men ata köşgüne eýe bolmalydyryn — diýip, jogap berýär.
Wagtyň geçmegi bilen, şazadalaryň ýaşlary orta ýaşdan geçýär. Hemme zat şol başdaky hyýal-niýetlerine görä bolup başlaýar. Uly şazadanyň halkynyň durmuşy gowulaşyp, berekedi ýokarlanýar. Ortanjy şazadanyň halky bolsa derýanyň suwunyň azalmagy sebäpli, ekin-dikini gurap, horluk-açlyk çekip başlaýar. Ol ýaşlygy azapsyz durmuşda geçensoň, başyna gelen agrama we patyşanyň tagtyna eýe bolmajagyny gaýgy edip, agyr kesele sezewar bolýar. Ýene-de oňa ýerli-ýerinden agasy bilen inisi kömek berýärler. Aýlar-günler geçýär. Patyşa üç ogluny hem ýanyna — köşge çagyrýar. Olara ýüzlenip:
— Balalarym, meniň sanalgyja günüm galdy. Üçiňiziň hem durmuş gadamlaryňyzy şu güne çenli synlap geldim. Ýöne ýadyňyzdan çykarmaň, menden başga-da synlaýan bardyr. Goýberen ýalňyşlyklaryňyzdan netije çykaryň! Üstünlik ýagşylykdadyr, päk azap zähmetdedir, agzybirlikdedir. «Öňüm gelenden, soňum gelsin” diýlişi ýaly, üstünlik ilki gelse, azdyrmagy mümkin, kynçylyk soň gelse, gowşan biliňizi bükmegi mümkin. Emma Allanyň berşi ýaly, gezekli-gezegine gelse, öwrenişmegiňiz mümkin. Şonuň üçin men umumy şa mülküne, patyşa täjine körpe oglumy mynasyp hasap edýärin — diýip, patyşa sözüni jemleýär. Ony hemmeler biragyzdan goldaýarlar. Şondan bäri ata-enäniň mülküniň, esasan, körpe ogla berilmegi däp bolup galypdyr...
Taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.