Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň pudaklary has--da sazlaşykly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň kärhanalaryna öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň önümçilikde, dürli ulgamlarda giňden peýdalanylmagy durnukly ösüşe netijeli täsirini ýetirýär. Şeýle öňegidişlikleriň döwlete dahylsyz çygyry bolan hususyýetçilikde-de ulanylmagy Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.
Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmegine uly ähmiýet berip, täze öndüriji güýç hökmünde möhüm orny eýeleýän telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagynda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Bu günki günde telekeçilerimiziň tagallalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde bähbitli işleriň bady artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ýerini tutýan harytlaryň we önümleriň öndürilişiniň mukdary ýokarlanyp, wajyp meseläniň çözgüdinde gowy netijeler gazanylýar. Şu guwançly netijelerde welaýatymyzyň telekeçileriniňem saldamly goşantlary bellärliklidir. Welaýatymyzyň telekeçileri halkyň köp sarp edýän ýokary hilli harytlarydyr önümlerini öndürmekde, olary elýeterli nyrhlarda ilata hödürlemekde uly işleri bitirýärler. Gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmekde-de jogapkärli wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýän telekeçilerimiziň il-gün bähbitli yhlas-aladalary ýerine düşýär. Munuň özi halkymyzyň abadan durmuşda, bolçulykda ýaşap, tutanýerli zähmet çekmegine saldamly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.
Gözel GURBANOWA.








