Ýaşaýşyň gözelligini hem gönezligini zenanlarda görýän merdana türkmen halky ojagyň ýylysynyň goragy bolan mähribanlaryny mähek daşyna deňeýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň ellerinden dür dökülýär. Olaryň çekýän keşdeleri, gaýmalary, dokaýan ketenidir nepis saçaklary, halylary dünýäni haýran edýär. Gelin-gyzlarymyz dokaýan halylaryna, nepis saçaklaryna, bejerýän keşdedir donlaryna özleriniň arzuw-hyýallaryny, umytlaryny siňdirýärler.
Ynsany bezeýän zatlaryň biri-de, onuň zähmetidir. Ýaşaýan şäherimizde ýa-da obamyzda öz zähmeti bilen uly abraýa, bagta ýeten adamlar, näçe diýseň, bar. Olaryň biri-de, Mary etrabyndaky Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşligiň Goşaja obasynyň ýaşaýjysy, “Ajaýyp” tikinçilik öýüniň ýolbaşçysy Ogulkeýik Akyýewadyr. Ol bütin ömrüni el hünärine bagyşlaýar. Ogulkeýik türkmeniň nepis sungaty bolan haly dokamak, keşde çekmek, ýaka, don bejermek ýaly milli senetleri bilen meşgullanýar. Şeýle çeper elli ezber türkmen gyz-gelinlerini göreniňde, kalbyňda buýsanç duýgusy döreýär. Çünki, haly dokamakda, keşde çekmekde, don bejermekde ussatlyk görkezmek hemme kişä başardaýanok.
Ogulkeýik Akyýewa etrap, welaýat, ýurt möçberindäki bäsleşiklere, sergilere, milli baýramlarymyza hemişe işjeň gatnaşýar. Şu günki günde halkymyzyň milli mirasy, däp-dessurlary dünýä ýaýylýar. Biziň gyz-gelinlerimiz türkmeniň milli lybasyna nagyş salmagy halaýarlar. Enelerimiziň ýürekden yhlas edip çeken keşdeleri häzirem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmeýär.
“Ajaýyp” tikinçilik öýüniň howlusyna gireniňde, ilki bilen, howlyny bezäp oturan ak öýe gözüň düşýär. Bu ak öýde mekdebi tamamlan ýaş gyzlardan başga-da, hormatly dynç alyşdaky eneleriň hem birnäçesi işleýär. Men bu tikinçilik öýünde bolanymda enelerimiziň el işleri barada beren gyzykly gürrüňlerini ýandepderçäme belläp aldym. “Zähmet soňy — rehnet”, “Işleseň, il tanar” diýlişi ýaly, işleýän adamlaryň sarpasy, mertebesi belent, orny törde. Bu tikinçilik öýüniň ýolbaşçysy Ogulkeýik Akyýewanyň hem sarpasy belent. Döwrebap ülňülere gabat gelýän ýeňsizdir donlaryň, bejerilen nagyşly köýnekleriň täze-täze nusgalarynyň döredilmegi diňe bir sargyt edýänleriň göwnünden turman, eýsem, tikinçi gyz-gelinlerimiziň hem höwesli işläp, kämilleşmegine getirýär.
Esasy aýtmaly zat, nebit-gaz ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň göwnünden turjak, olaryň talaplaryny ödejek iş eşiklerini tikmek kämilligi, jogapkärçiligi talap edýär. Bu ýerde işleýänler onuň hötdesinden abraý bilen gelýärler.
“Ajaýyp” tikinçilik öýüniň ýolbaşçysy Ogulkeýik Akyýewa taýýarlanan egin-başlary birin-birin gözden geçirip, ony ak öýe bezeg berip işläp oturan enelerimize berýär. Ýedi ölçäp bir kesýän enelerimiz bilen bile işleşmek Ogulkeýige-de ýaraýar.
Ogulkeýigiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň yglan edýän “Ýylyň zenany” atly bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp, ýeňiji bolýanlygy hem onuň öz işiniň ussadydygyny subut edýär.
— Biz milli mirasymyzy dünýä ýaýyp, onuň ähmiýetine, at-owazasyna göz ýetirýäris. Enelerimizden galan bu mirasy dowam etmäge, ony älem-jahana ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris — diýip, Ogulkeýik Akyýewa begençli aýdýar.
Biz hem “Ajaýyp” tikinçilik öýüniň işgärleriniň milli mirasymyzy gülletmekde çekýän päk zähmeti üçin olara: “Elleriňize güller bitsin!” diýesimiz gelýär.
Ogulşat BERKELIÝEWA.