Ýurdumyzda il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň gymmatly baýlygydygy ýörelgesinden ugur alynýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini şu günüň ösen talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda belent sepgitlere ýetilýär.
Lukmançylyk mekdebimizde biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmäge ähli zerur şertler bolup, mugallymlarymyzyň öwredýänlerini özleşdirmäge çalyşýarys. Onsoňam, hünär öwredilende mugallymlaryň yhlas-tagallalary talyp ýaşlaryň bilmäge, öwrenmäge höwesi bilen sazlaşykly utgaşanda netije hemişe ýokary bolýar. Ynsanyň saglygyny goramak iňňän wajyp wezipe bolup, ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçinem biz öwredilýänleri ykjam ele alyp, işine ökde şepagat uýalary bolup ýetişmek ugrunda aladalanýarys. Munuň özi bildirilýän uly ynamy ödemegiň ýokary borjudyr.
Sähragül REJEPOWA.








