Bir kepderi höwürtgesini ýygy-ýygydan çalyşýan eken. Höwürtgelerden gelýän ýakymsyz, ýiti yslara ol çydamandyr. Ol bu barada tejribeli, dana kepderiniň ýanynda zeýrenipdir. Ol parasatly kepderi baş atyp onuň aýdanlaryny diňläpdir-de, ahyrsoňy şeýle diýipdir:
— Üns ber, seniň höwürtgeleri çalşanyň bilen hiç zat üýtgemeýär. Diýmek, saňa ýaşamaga päsgel berýän ys höwürtgelerden däl-de, seniň özüňden gelýär.
Rus dilinden terjime eden
Göwher Akmamedowa.