Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde iki müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky monumentiň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirilip, oňa welaýat häkimliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri we bu ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Bu ýerde çykyş edenler ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny bu täze okuw binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen gutlap, şeýle döwrebap bilim ojaklaryny gurduryp, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym, bilim almaklaryna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem çykyş edenler her bir güni şatlykly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde şeýle ajaýyp binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bu institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlyklaryny goşalandyryp, olaryň kalbynda ata-Watanymyza, ajaýyp döwrümize we halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Hormatly Prezidentimize bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy-diýip, buýsanç bilen bellediler.
Hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda bilim ulgamy düýpli ösüşlere beslenip, bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hili ýokarlanyp, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle bolansoň türkmen ýaşlary dünýäniň ähli künjeklerinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeleýärler. Bular dogrusynda-da çykyş edenler aýratyn bellediler.
Bu ýerde institutyň talyp ýaşlarynyň döredijilik toparynyň asuda Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň bilim ulgamynda gazanylan ösüşleri we bagtyýar ýaşlyk joşgun bilen wasp edildi. Maslahatyň ahrynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň adyndan Hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul edildi.
Merjen Çaryýarowa.