Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
weather mary 31° C Mary
weather mary 31° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

156 18.03.2024

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Gudraty Güýçli Allatagaladan agyz beklemegiň düzgünlerini berjaý etmäge medet bermegini hem-de rehimdarlygyny eçilmegini dileýäris.

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ysraýyl Döwletiniň adyndan Size, Siziň ýakynlaryňyza we Türkmenistanyň halkyna Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Bütin dünýäde parahatçylygyň we sazlaşygyň dowam etmegine tüýs ýürekden umyt edýärin hem-de arzuwlaýaryn. Oraza aýynda parahatçylyk, ylalaşyk taglymlarynyň berkarar bolmagy, ähli halklara we dinlere hormat goýulmagy ugrunda tagallalary ederis.

Hormatlamak bilen,

Ishak Gersog,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

21
21 09.09.2025
Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy

  Ýurdumyzda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygynyň çäginde Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýolöten etrabynyň Polisiýa bölüminiň, etrap Prokuraturasynyň, etrap Kazyýetleriniň  bilelikde gurnamaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýolöten etrabyň Momataý geňeşligindäki Talhatan baba oba medeniýet öýünde geçirilen bu çärä etrabyň edara – kärhanalarynyň işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler yglan edilen bir aýlygyň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, ýol hadysalarynyň öňüni almak işleriniň wajyplygy we bu ugurda alynyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Bu möhüm çäräniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine her bir raýatyň öz goşandyny goşmagy zerurdyr diýlip nygtaldy. Parahat GURBANOW.

22
22 09.09.2025
Döredijilik bäsleşigi geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Murgap etrap medeniýet bölümi bilen etrabyň Zenanlar guramasynyň geçiren bäsleşigi hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Medeniýet işgärleriniň sungata bolan höweslerini artdyrmak, olaryň döredijilik älemindäki ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen etrabyň oba medeniýet öňleriniň arasynda geçirilen bu bäsleşikde birnäçe şertler boýunça çykyşlar ýerine ýetirildi.  Bäsleşigiň dowamynda uly joşgun bilen ýerine ýetirilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan beýik işleri, ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa hem-de ajaýyp zamanamyzyň şanly wakalary belent heňlerde wasp edildi. Döwrebap çykyşlaryň her biri halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden  türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyza sungat ussatlarynyň ýürek alkyşlary bolup ýaňlandy. Türkmen zenanlarynyň on barmaklaryndan döreýän ajaýyp el işlerinden gurnalan sergi hem bu günki bäsleşige aýratyn millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Murgap etrap Zenanlar bölüminiň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Merjen ÇARYÝAROWA.

32
32 04.09.2025
Institutdaky maslahat

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda  Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň bilelikde gurnamaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen bu maslahata welaýatyň polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň belent ösüşleri barada belläp geçmek bilen,  nurana we aýdyň ýollarymyzyň asudalygyny goramakda, ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda alnyp barylýan netijeli we giň göwrümli işler dogrusynda gürrüň etdiler. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý ýerine ýetirilmegine, pyýadalar bilen awtoulaglaryň hereketleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilmelidigini nygtadylar. Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa ak ýollarymyzda herekete gatnaşyjylaryň sazlaşykly hereket etmegine uly ýardam edýär-diýip maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda bellediler. Maýa Annadurdyýewa.

24
24 04.09.2025
Biraýlyga bagyşlanan çäre

    Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Möhüm meselä bagyşlanan çärede ýol hereketini pugta berjaý etmek boýunça edilen çykyşlara uly orun berildi. Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri öz çykyşlarynda ýol hereketinde ýüze çykýan hadysalaryň öňüni almakda we köçeleri kesip geçmegiň düzgünlerini düşündirmekde geçirilýän işler barada bu okuw mekdebiniň talyplaryna gürrüň berdiler. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý ýerine ýetirilmegine, pyýadalar bilen awtoulaglaryň hereketleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilmelidigini nygtadylar. Maýa Annadurdyýewa.

32
32 04.09.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy

      Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk  Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti  barada täsirli wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu duşuşyga Mary welaýat Halk Maslahatynyň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu duşuşykda çykyş edenler  şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda her ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyzyň mukaddesligi, beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Bu täsirli duşuşyga gatnaşanlar ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde we onuň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde alyp barýan rowaç işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

33
33 03.09.2025
Bugdaýyň ekişine guramaçylykly girişdiler

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 3-nji sentýabrynda ýurdumyzda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine başlamaklyga beren ak patasy esasynda şu gün Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlaram hormatly ýaşulularyň bismillasy bilen güýzlük bugdaýyň ekişine guramaçylykly girişdiler. Mary welaýatynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli ilki bilen welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýatyň şäherleriniň, etraplarynyň, häkimleriniň, häkimleriň orunbasarlarynyň, il sylagly ýaşulularyň,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat derejesindäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, geňeşlikleriň başlyklarynyň, ussat kärendeçileriň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda bugdaý ekişi möwsüminde kärendeçi daýhanlary, ýer eýelerini ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryndan, olaryň asma  gurallaryndan netijeli peýdalanyp, bu möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda ýokary hilli geçirmek dogrusynda birin-birin durlup geçildi hem-de işjeň pikir alşyldy. Maslahatda çykyş edenler gallaçy daýhanlara toprakdan ýokary hasyl almakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp, bu ýerde geçmişde bugdaý ösdürip ýetişdirmekde ulanylan gurallar hem-de azyklaryň naýbaşysy bolan bugdaý öndürmekdäki gadymy daýhançylyk tejribesi bilen ýakyndan tanyş boldylar. Soňra maslahata gatnaşanlar welaýat derejesinde ekişe girişilýän ýer bolan welaýatyň Sakarçäge etrabynyň ,,Daýhan” geňeşliginde ýerleşýän ,,Täze kerwen” daýhan hojalygynyň bugdaý ekiljek meýdanlaryna bardylar. Welaýatyň iň hormatlanýan ýaşululary dökünler bilen gurplandyrylan, sürlüp, eliň aýasy ýaly tekizlenilip, ekişe doly taýýar edilen meýdana iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen ak bugdaýyň bereket tohumlaryny sepdiler.  Soňra yzyna Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alyp beren iň kämil tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli bugdaý ekiji gurallary dakylan kuwwatly traktorlar hemmeleriň şatlyk-şowhuny astynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine girişdiler. Şol pursat aňyrsy gözýetime çenli uzalyp gidýän rysgal-bereketli meýdanda daýhanyň daýanjy bolan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly çykýan sesi özboluşly zähmet mukamy bolup ýaňlanyp, hemmelerde ýokary ruhubelentligi döretdi. Güýzlük bugdaýyň ekişine egsilmeýän zähmet joşguny bilen girişen Mary welaýatynyň ussat gallaçylary şu güýzde geljek ýylyň hasyly üçin bir ýüz ýetmiş müň gektar meýdana bugdaýyň welaýatyň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly görnüşlerini ekip, şondan geljek ýylda guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmegi özlerine asylly maksat edinýärler. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şu ýyl welaýatda güýzlük galla ekişi üçin ýokary arkaly tohumlyk bugdaýyň ýeterlik möçberi öndürilipdir hem-de ol ,,Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň kämil tehnologiýaly tohum arassalaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bölümlerinde ýokary hilli arassalanylyp, dermanlanyp, ekişe birkemsiz taýýar edilýär. Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatyň ekerançylaryna dünýäniň ösen döwletleriniň ,,CLAAS” hem ,,JON DEER” kompaniýalaryndan kuwwatly, ýokary öndürijilikli sürüm traktorlaryny satyn alyp bermegi ýerleri güýzlük galla ekişine irki möhletlerde, ýokary hilli taýýarlamaklyga mümkinçilik berdi. Ekiş möwsüminde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda topraga bugdaý tohumyny takyk taşlaýan ,,GASPARDO” ekiji gurallarynyň ýeterlik möçberi işlediler. Döwrebap, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň dabaranyň geçýän ýerinde goýlan hatarlary gözýetime çenli uzalyp gidýär. Daýhanyň daýanjy bolan şol tehnikalaryň iň tejribeli mehanizatorlara berkidilmegi güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletde ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berer. Bu ýerde Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen tejribe-okuw maslahatynda hünärmenler çykyş edip, ekiş tehnikasyny hem-de kämil tehnologiýaly ekiji gurallary ulanmagyň düzgünleri dogrusynda öz gymmatly maslahatlaryny berdiler. Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirilip, mehanizatorlara ýangyn howpsuzlygyny hem-de ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça berlen gymmatly maslahatlar diýseň täsirli boldy. Welaýatda güýzlük galla ekişiniň başlanmagyna bagyşlanan dabarada welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna-da giň orun berildi. Teatr artistleriniň taýýarlan sahnasynda ýaşaýşyň seresi bolan guşgursak ak bugdaý wasp edildi. Şu ýerdäki bezelen sahnada ussat estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly aýdym-sazlar belentden belent ýaňlanyp, hemmelere ruhy lezzet berdi. Welaýatyň saýlama aýdym-saz, tans, folklor toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Ýerine ýetirilen aýdymlarda, tanslarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, rysgal-bereketli topragymyzdan dür öndürýän gallaçylaryň päk zähmeti, mukaddes çörek, türkmen halkynyň  Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-halk, Döwlet bähbitli işleri, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary giňden wasp edildi. Dabaranyň geçýän ýerinde dikilen bezemen ak öýleriň daş-töwereginde halkymyzyň gadymdan gelýän toý dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň görkezilmegi aýratyn göwün göteriji pursatlara beslenip, hemmeleriň kalbyny joşdurdy. Welaýatyň senetçi ussalarynyň öndüren önümleriniň, amaly haşam sungatyna degişli işleriň, daýhançylykda ulanylýan zähmet gurallarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan galan nepis el işleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, suratkeşleriň eserleriniň hem tomaşaçysy kän boldy. Welaýatyň ussat bagşylarynyň şirwan perdä galyp aýdan aýdymlary daş-töwerege ýaň saldy. Öz rysgal-bereketli topragymyzda öndürilen bugdaýdan, gök-bakja, miwe önümlerinden, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň taýýarlan çörek hem çörek önümlerinden ýokary hilli azyklyk harytlaryndan, datly gawun-garpyzlardan bu ýerde guralan baý sergi ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen azyk bolçulygynyň aýdyň mysaly bolup, olara hemmeler gyzyklanma bilen syn etdiler. Dabaranyň geçýän ýerinde bagtyýar körpeleriň çaga dünýäsine mahsus milli oýunlary oýnamaklary, halkymyzyň çarwa durmuşynyň, bu kesp-kär bilen baglanyşykly tejribeleriň, maldarlaryň iş-aladalarynyň görkezilmegem toý mähellesiniň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde dürli türkmen milli tagamlar taýýarlanyp dabara gatnaşanlara hödür edildi. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda türgenleriň arasynda sportuň milli göreş, ýaglyga towusmak we beýleki görnüşleri boýunça guralan bäsleşikler hem diýseň gyzykly, çekeleşikli boldy. Soňra berlen toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde il-agzybirligi, ýurt abadançylygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy dileg edildi. Her bir dänäňiz müň bolsun, Mary welaýatynyň edermen gallaçy daýhanlary!                  Toýmyrat Gurbanow.

39
39 02.09.2025
Ojar agajy

Garagum sährasy tebigat gözellikleri bolan ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Şol ösümlikler gadymdan bäri türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň ähli babatlary üçin zerur bolmak bilen odun, mal iými, dermanlyk, hojalygyň dürli hajatlary üçin hyzmat edipdir.   Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan ojaryň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Ojaryň Günden alýan ýylylygynyň toprakdan alýan zerur maddalary bilen sazlaşmagy netijesinde ýylylyk sygymynyň uly bolmagy, onuň uzak wagtlap ýanmagyna, közüniň bolsa uzak wagtlap saklanmagyna ýardam edýär.   Ojary ata-babalarymyz melhemlik ösümlik hökmünde peýdalanypdyrlar. Ojar tüssesiniň degna (nerw) ulgamyny rahatlandyrmakdaky ähmiýeti uludyr.   Malyň derisi eýlenende sazagyň küli ulanylýar. Arassalanylyp, ýüzi suwlanandan soňra, deriniň üstüne ojaryň külüni sepipdirler. Düzüminde aşgar bolansoň ojaryň küli deriniň eýini ýetirmekde, ýumşadyp, hojalyk hajatlary üçin ulanmakda ähmiýetli bolupdyr.  Ata-babalarymyz tebigatyň bu merdem ösümligine aýratyn bir tumar hökmünde hem garapdyr. Häzirki wagtda il içinde öz tebigy bolşundan üýtgeşik ösýän islendik ösümlige “Hydyr gören” ösümlik hökmünde garaýarlar. Obalarymyzda ýaşaýan islendik hojalykda yrym üçin ojar oduny hojalygyň bir ýerinde saklanýar. Türkmen halkymyzyň tebigy ösümliklere bolan aýratyn garaýşy häzirki döwürde-de dowam edip gelýär.  Metbugat materiallary esasynda taýýarlan  Amanmyrat ÝAMADOW.

28
28 02.09.2025
Dana kişi (Hekaýat)

Gadym eýýamda obalaryň birinde bir dana kişi ýaşaýar eken. Çar tarapdan gelip, oňa maslahata barar ekenler. Günlerde bir gün obanyň itleriniň barysy birden gyrlypdyr. Obanyň adamlary bu ýagdaýa juda gynanyp, dana kişiniň ýanyna maslahata barypdyrlar. Dana kişi olaryň sözüni diňläp: — Hiç zady gaýgy etmäň, bu ýagşylygyň alamatydyr — diýipdir: Şol günüň ertesi obanyň ähli horazlary-da gyrlaýypdyr. Adamlar ýene dana kişiniň ýanyna barypdyrlar. Goja kişi bolsa ýene-de: — Ýagşylygyň alamatydyr — diýip, jogap beripdir. Üçülenji gün diýlende, agşamlyk obanyň adamlary biş-düş üçin ot ýakjak bolanlarynda, olaryň otlary ýanmandyr. “Ýeri bu nämäniň alamatyka?!” diýşip, obanyň adamlary ör-gökden gelipdirler. Bu bolan zatlaryň üstesine-de, duýdansyz ýerden duşman çožupdyr. Duşmanlar töwerek-daşdaky obalary haraplap, dana kişiniň ýaşaýan obasyna gelenlerinde, öýlerde yşyk garasy görünmänsoň, itleriň üýrýän sesleri eşidilmänsoň, horazlaryň gygyrýan sesleri gelmänsoň: “Bu ýerde janly-jandar ýok bolsa gerek” diýip, yzlaryna dolanypdyrlar. Şeýlelikde dana kişiniň aýdan sözleri hakykat bolup çykypdyr.

32
32 02.09.2025
Syntgylanan  setirler

“Ata razy — Alla razy” diýleni. Ata öýkelese, solarsyň. Ata gargasa, ýanarsyň.  Köpçülikde ýamany ýazgarman, ýagşylar barada gürrüň etmek bähbitli. Ýagşynyň öwülýän ýerinde ýaman özüni ýenjilýän ýaly duýýar. Hakyky türkmen gylykly gelniň öz gaýynatasyna ýa gaýynagasyna däl, hatda olaryň ady dakylan ýüwürjilerine hem hormaty başga bolarmyş. “Öýke-kinesi ýok” diýip, ýagşynyň köňlüne daş oklama!  Şowly pursatlaryň şatlygyny şowsuzlygyň oduna ýakyp ýörmeli däl. Ertäniň gaýgysyna gaplanan adam şu gününiň nuruna ýylynyp bilenok. Türkmen geçmiş mirasyna näçe pugta bolsa-da, maşgalanyň emläk mirasyna gezek gelende juda jomart hem sahawatly halk.  Päk ahlakly kişä kesek atmak — bu kirli kalplaryň biygtyýar seslenmesi. Näkes özüne meňzeşe däl-de, näkeslik edip bilmejege kast edýär. Halal we dogry ýaşamak hökman bähbitli bolmaly.  Ýüregiňe sygmaýan zatlaryň hemmesini ýaman saýma, belki, seniň ýüregiň juda dardyr. Göwnüň ýetmeýän zatlaryň seniň gözüň ýetmeýän zatlar bolaýmasyn?!  Perwana özüni oda bilmän urýan däldir, çünki, söýgi ody daşlaşdygyňça beter örteýär. Kän gezek geň galyp görmedik adam hiç haçan geň galdyryjy zatlary döredip hem bilmeýär. Diňe kaka bolanlygyň üçin uly hormat islemek — bu wezipäňden aşa peýdalanmak bolýar. Hemme zat nähili kakalygyňa bagly. Naýbaşy zehin üçin döredilen eseri çem gelen ýerine ýetirip bilmeýär.  Bilinmek üçin edýän bolsaň, hiç mahal eden işiňden kanagat tapmarsyň. Mädesi iri adamlaryň özleri aglaba ownuk bolýarlar. Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.

21
21 09.09.2025
Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy

  Ýurdumyzda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygynyň çäginde Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýolöten etrabynyň Polisiýa bölüminiň, etrap Prokuraturasynyň, etrap Kazyýetleriniň  bilelikde gurnamaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýolöten etrabyň Momataý geňeşligindäki Talhatan baba oba medeniýet öýünde geçirilen bu çärä etrabyň edara – kärhanalarynyň işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler yglan edilen bir aýlygyň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, ýol hadysalarynyň öňüni almak işleriniň wajyplygy we bu ugurda alynyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Bu möhüm çäräniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine her bir raýatyň öz goşandyny goşmagy zerurdyr diýlip nygtaldy. Parahat GURBANOW.

32
32 04.09.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy

      Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk  Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti  barada täsirli wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu duşuşyga Mary welaýat Halk Maslahatynyň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu duşuşykda çykyş edenler  şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda her ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyzyň mukaddesligi, beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Bu täsirli duşuşyga gatnaşanlar ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde we onuň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde alyp barýan rowaç işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

30
30 02.09.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýeňişlere beslemek bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy däpler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wajyp wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.  Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalarynyň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň taryhy ähmiýetine ünsi çekip, halkara derejesinde uludan tutuljak şanly sene bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakasy boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp waka bolup, onda öňde durýan taryhy wakalar bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda, ilki bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramyna taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem mejlisde degişli Kararlar kabul edildi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu taryhy waka taýýarlyk bilen bagly tagallalar işjeň häsiýete eýe bolýar. Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýanynda toýy uludan tutuljak Beýik Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrýar. “Maru — şahu jahan”.

31
31 02.09.2025
Welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Halkymyzyň ykbalyna serpaý ýapylan Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, ynsanlaryň kalbyny buýsandyrýan buşlukly habarlar mähriban halkymyzy ak daňlara ataryp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine egsilmez alkyş, çäksiz söýgi döredýär. Watanymyzyň asudalygyny we bagtyýarlygyny pugtalandyryp, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegi baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny yhlasly işleri bilen mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her günümiziň buýsançly wakalara hoş habarlara beslenip, üstünliklerden rowaçlanmagy – bu uly döwletlilikdir, agzybirlikdir. Şeýle bagtyýar döwrüň ösüşlerine ses goşmak bolsa her birimiz üçin uly bagt, mukaddes borçdyr. “Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijiler” diýip, Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan, nurly ertirlere maksat tutan ýaş nesillere Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn bil baglap, uly ynam bildirýär. Şu bildirilýän beýik ynam biziň her birimiziň kalbymyzy buýsandyrýar, öz işimizde ökde hünärmenler bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagymyza ruhlandyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň agzybir işgärleri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde berýän tabşyryklaryny, eziz ýurdumyzda amala aşyrýan belent maksatly işleriniň ähmiýetini wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarys. Ýakynda Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – Watanymyzyň röwşen gelejeginiň ak ýoly” ady bilen  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar kitaphanaçylar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine ýurdumyz boýunça görülýän taýýarlyklar, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyzyň mukaddesligi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda merdana we ruhubelent halkymyzyň maşgala agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän belent maksatly işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler. Soňra dabara gatnaşanlar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, halkymyzy rowaçly menzillere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuwladylar. Gurbanjemal Iliýewa.

43
43 30.08.2025
Täsirli geçen maslahat

  Ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş - çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş - ýkdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de halkymyz üçin zerur bolan durmuş - ýkdysady şertleri üpjün etmek maksady bilen Mary welaýat Halk Maslahatynyň wekillerinden we Mary welaýatynyň ilatyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna gelip gowşan haýyşlary göz öňünde tutmak bilen welaýatyň Murgap hem-de Sakarçäge etraplarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginde täze etraby döretmek baradaky teklip öňe sürüldi.    Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Döwletli Zaman” şäherçesiniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň dolandyryş - çäk bölünişiginiň meseleleri boýunça döredilen guramaçylyk toparynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda ilatyň isleglerini, haýyşlaryny öwrenmeklige bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Mary welaýat, şäher, etrap Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň il-sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welaýatyň ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, şöhratly pederlerimiziň ýoluny dowam edip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgiýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edilýändigi dogrusynda aýdyldy.  Şeýle hem welaýatda täze etraby döretmek baradaky teklibiň öňe sürülmegi (çözgüdiň kabul edilmegi) türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatymyz üçin zerur bolan durmuş - ykdysady şertleri üpjün etmek barada edýän taýsyz tagallalarynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolandygy nygtalyp bellenildi. Maslahatda welaýatyň ýaşaýjylary, ýaşuly nesliň wekilleri, syýsy partiýalaryň, jemgiýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri täze etrabyň döredilmeginiň welaýatda bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök, bakja ekinleriniň öndürilýän hasyllarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigi baradasky oý-pikirlerini buýsanç bilen nygtap bellediler hem-de täze etraby döretmek baradaky teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýtdylar.  Maslahata gatnaşanlar welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş - durmuş derejesini gowulandyrmak, welaýatyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmak barada bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Sapardurdy Ýaýlyýew.

43
43 27.08.2025
Möhüm meselelere garaldy

Etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, merkezi kitaphananyň kitaphanaçylary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Mahym Hojagulyýewa, merkezi kitaphananyň müdiri Selbinýaz Geldiýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Çynar Hoşgeldiýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary hakda edýän uly aladalary, jemgyýetimizde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Barha golaý gelýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Owadan ATDAÝEWA.

43
43 27.08.2025
Asuda Watanda ýyllar ajaýyp

Golaýda Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşligindäki kitaphana şahamçasynda etrap medeniýet bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, Kemine geňeşligindäki medeniýet öýüniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Asuda Watanda ýyllar ajaýyp” atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrabyň kitaphanaçylary hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Gülsenem Muhadowa, Kemine geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň müdiri Parahat Mämmedow, etrabyň medeniýet öýüniň işgärleri Nurtäç Annamuhamedowa, Dörtguly Gurbanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar. Enegül GULDURDYÝEWA.

43
43 25.08.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda etrabymyzdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, “Döwletli başlangyçlar rowaçlygyň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy TMÝG-niň Garagum, Baýramaly etrap geňeşleri, etrap bilim bölümi bilelikde gurap, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, bilim işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, 23-nji orta mekdebiň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew, TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň bölüm müdiri Azat Muhyýew çykyş etdiler. Olar ýokarda ady agzalan halkara maslahatynyň jemleri, bu forumyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy barada durup geçdiler. Gülnar GURBANMYRADOWA

41
41 25.08.2025
Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Golaýda Wekilbazar etrap bilim bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Parahatçylygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Wepa Orazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dünýä Öwezowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Öwezow çykyş etdiler. Çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetiniň bardygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Aýlar MYRADOWA

734
734 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

617
617 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

852
852 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

694
694 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

761
761 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

806
806 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

609
609 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

688
688 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.