“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mährem enelerine, bagtyýar gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky buýrugyna laýyklykda Mary welaýatynyň ähli edara - kärhanalarynda, okuw jaýlarynda, mekdeplerinde we çagalar baglarynda hem pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp başlandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly şatlyk- şowhuna beslenip belleniljek baýramçylygyň öňýanyndaky günlerinde Hormatly Prezidentimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli iberen pul sowgatlaryny ellerine alyp, begenç bilen ýüzlerine sylýan mährem eneleriň, bagtyýar zenanlaryň, körpeje çagalaryň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsançlarynyň çägi egsilenok. Şeýle pul sowgadyny gowşurmak dabarasy hem Mary welaýatynyň ähli etrap – şäherlerindäki çagalar baglarynda geçirildi. Şa sowgadyny ellerine alan gyzjagazlar Hormatly Prezidentimize özleriniň çaga ýüreklerinden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa.








