ÖKÜZIM ÝOK
Daýylarynyň biri Hemranyňka myhmançylyga gelýär. Hemra daýysyna hezzet-hormat edýär. Soňra ýatakdaky öküzleri görkezip:
— Daýy, ir säher bilen şu öküzleriň birini soýup, bagyr-böwregi bilen seni hezzetlejek — diýýär.
Daýysy:
— Ýegen, meniň üçin ýöriteläp öküz soýup oturma! — diýip, bu mürähede garşy çykýar.
Öküz derrew soýulýar. Nahar taýýarlanylýar...
Esli wagt geçensoň, Hemra şol daýysynyňka barýar.
Daýysy:
— Ýegen, seniňki ýaly öküzim-ä ýok. Öküzim bolsa soýup, menem seni hezzetlejekdim — diýýär.
Hemra şobada:
— Daýy, azara galma! Şol öküz sen gelmeseňem soýulmalydy. Sebäbi, oglum bazarda et satýar — diýip, eden işiniň syryny açaýypdyr.
ADYMY TUTMA!
Hemra ysmanak eker ýaly ýer taýýarlap ýören aýalynyň adyny tutup, bäş-alty gezek ýanyna çagyrýar. Muňa gahary gelen aýaly:
— Näme, zol-zol çagyryp dursuň? Işlemäge goýaňok. Edip ýören işimi dynýançam, meň bir adymy tutma! — diýip, gatyrganypdyr.
Hemra az salymdan: “Bägül, Bibi, Gerek, Aýna...” diýip, zenan atlaryny tutup, gygyryp başlaýar. Muny eşiden aýaly ylgap gelýär-de:
— Olary nireden tanaýaň? Kimler olar? Olaryň saňa näme dahyly bar? — diýip, derrew Hemra sorag baryny beripdir. Hemra:
— Men olary tanamok. Ýöne sen ýaňy: “Meniň bir adymy tutma!” diýeňsoň, seni ýanyma getirmek üçin şeýtdim — diýip, aýalyny köşeşdiripdir.
Toplan
Hydyrguly GURBANOW.








