Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri mynasybetli TMÝG-niň Baýramaly etrap, şäher hem-de Garagum etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Garagum etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, Baýramaly şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýsona Gelmyradowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji ýylyň bütin dünýäde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigi barada durlup geçildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy bolandygy barada guwançly gürrüň edildi. Giň mazmuna beslenen maslahat medeniýet işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza adamzadyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny we hoşallyklaryny beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.
Ýazmyrat ANNAGURBANOW.