Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň çäginde geçirilen esasy dabaralaryň birem welaýata görk berip duran, depesi göge ýetýän ,,Türkmeniň ak öýi“ binasynda geçirilip, ony Mary welaýat häkimligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde gurnady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bütün dowamynda uly joşguna eýe bolan ýurt bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň täzeden täze aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bu günk baýramçylyk dabarasynyň başy welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň hem-de birleşen tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ,,Ata Watan-eziz ýurdum Bitarap!” atly edebi sazly kompozisiýa bilen başlandy. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler we baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty bu edebi sazly kompozisiýanyň esasyny düzdi. Bu ýerde sungata höwesek ýaş nesilleriň joşgun bilen ýerine ýetiren ,,Akja kepderi” atly aýdymy hem parahat söýüjilikli Watanymyzyň asudalygynyň nyşany bolup uzaklara ýaň saldy. Baýramçylyk dabarasynda halypa we ussat aýdymçylaryň parahatçylygy döwletimiziň esasy ýörelgesine öwüren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işlerini we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşyçylyk, birek-birege özara hormat goýmakda türkmen bitaraplygynyň uly oruna eýedigini beýan edýän hoş owazly aýdymlary hem bagtyýarlyk mukamy bolup belentden belent ýaňlandy. Dürli öwüşgnli owadan sahnada welaýatyň etrapdyr şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň doslukly döwletleriň milli tanslaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirmeklerem baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň ýaş zehinli we estrada aýdymçylarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryň dillerinde dost-doganlygy, asudalygy, päk söýgüni we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy taryplap ýerine ýetiren aýajyp aýdymlary bolsa bu dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen şirinden-şirin hoş owazly aýdymdyr sazlar, göçgünli tanslar ýurdumyzy belent ösüşlere besleýän, halkymyza eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri bolup ýaňlandy.
Merjen Çaryýarowa.








