Tutuş ýurdumyzy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda şatlykly dabaralara besläp gelen 8-nji mart - Halkara Zenanlar güni Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlikde, guramaçylykly bellenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mähriban gelin – gyzlaryna we mährem enelerine iberen baýramçylyk gutlagy we sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren zenanlara “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmagy welaýatyň ähli bagtyýar zenanlarynyň köňül – kalbyny joşduryp, baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Şu şanly waka mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda baýramçylyk dabarasy geçirilip, ol egsilmejek şatlyk – şowhuna beslendi. Ýokary ruhubelentlikde geçen baýramçylyk dabarasyna welaýatyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin – gyzlary, önümçiligiň öňdebaryjy işewür zenanlary, mukaddes maşgala ojaklarynyň eýeleri bolan bagtyýar zenanlar hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly çykyşlarda Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar hem belentden ýaňlandy. Şatlyk – şowhuna beslenen bu dabarada çykyş eden bagtyýar adamlar özleri barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna goýýan hormat – sarpasy hem-de işewür zenanlaryň döwletimiziň ösüşlerine we özgerişlerine goşýan mynasyp goşantlary barada aýratyn durup geçdiler. Zeminiň görküne deňelýän eziz eneleri hemem bahar bägülleri kimin nurana, bagtyýar zenanlary 8-nji mart - Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan, sekiz we şondan köp çagany kemala getirip, terbiýeläp ýetişdiren welaýatyň bagtyýar zenanlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk gününde şa sowgadyna eýe bolan bagtyýar eneler halkymyzyň eşretli durmuşy barada uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkymyzyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýlede şa serpaýyna mynasyp bolan zenanlara baharyň ter bägülleri gowşuryldy. Soňra Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik toparynyň edebi – sazly baýramçylyk çykyşlary bilen başlanan baýramçylyk dabarasynyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ussat aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň göwün göteriji çykyşlary bilen utgaşdy. Hemmeleriň köňül – kalplarynda şatlykly duýgulary oýaran täsirli çykyşlaryň ählisinde agzybir türkmen halkymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň rowaç işleriniň, gelin – gyzlarymyzyň we güler ýüzli enelerimiziň waspy giňden ýetirildi. Dabaradaky ýürekleri joşduran aýdym – sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ajaýyp şirin mukamlary bolup ýaňlandy.
Parahat Gurbanow.








