Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüş-özgerişli menzilleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty BMG we iri halkara guramalary, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we giňden goldanylýar. Şol beýik başlangyçlar bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly hyzmatdaşlygy we dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmaga gönükdirilendir. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Has takygy, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany Milletler Bileleşigine agza döwletleriň 78-si goldady. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň äşgär edýär.
Görşümiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň bütin dünýäde uly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezdi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde halkara abraýynyň täze belentliklerine çykýandygyna subutnamadyr. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty rowaç alyp, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň ýokary göterilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň özenini Ýer ýüzünde howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de döwletleriň arasynda ykdysady-söwda, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmek düzýär. Halkara ähmiýetli başlangyçlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan eden teklibi biragyzdan goldanylyp, BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen bu başlangyç şanly ýylymyzyň taryhy wakasy boldy.
“Maru — şahu jahan”.








