“Maru — şahu jahan” gazetiniň redaksiýasyna paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Güljahan Şahberdiýewa jaň edip, gawun nygmatyny iýeniňden soň okalýan sanawaç töwiri hakynda gürrüň bermegimizi haýyş etdi. Şeýle mazmunly jaň Baýramaly etrabynyň Merw geňeşliginiň ýaşaýjysy Amangözel Orazmuhammedowadan hem-de şol geňeşlikde ýerleşýän 23-nji orta mekdebiň mugallymy Baýram Orazmuhammedowdan hem geldi. Biz gazetimiziň 2021-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky sanynda bu barada ýerleşdirilen materialy gaýtadan çap edip, olaryň haýyşlaryny höwes bilen ýerine ýetirýäris.
Halkymyzda gawuny ilki ösdürip ýetişdiren Mezit atly daýhan hasap edilýär.
Behiştde bitýän şirin nygmaty ekeni üçin patyşa ony zyndana taşlapdyr diýýärler. Ýöne hökümdar şirin-şeker nygmat bolan gawundan dadyp görensoň, Mezidi azat etmegi buýranmyşyn.
Şondan soň:
— Şirin-nabat,
Mezit azat,
Pygamber Hudaýa
salawat! —
— diýen sanawaç töwire öwrülip, halk içinde ýörgünli bolup galyberipdir.
Geldi SAPAROW.








