Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlaryň zähmeti, ýaşaýyş-durmuş şertleri üns-alada bilen yzygiderli gurşalýar, çeken zähmetine mynasyp baha berilýär. Özleri hakynda edilýän alada mynasyp jogap bermek maksady bilen ýer eýeleri tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Şeýle işine erjellik bilen ýapyşýan kärendeçileriň biri hem Muhammetsetdar Ataýewdir.
Wekilbazar etrabynyň J. Atajanow adyndaky daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Muhammetsetdar Ataýew işine ussat, ýerden ýokary hasyl almakda tapawutlanýan kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Ol maşgala agzalary bilen bilelikde eýelik edýän 50 gektar ýerinde bugdaýyň, gowaçanyň, gök önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirýär. M. Ataýew uly üstünliklere beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 29 gektar ýerinde bol gallany ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrdy. Bellenilen meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirýän Muhammetsetdar Ataýew bugdaýdan boşan meýdanynda kuwwatly tehnikalar bilen sürüm geçirdip, täze hasyl ugrunda aladalanýar. Şeýle-de, tejribeli kärendeçi galan kärende ýerine ekilen gowaçanyň idegini birkemsiz ýetirýär. Oňa meýdan işlerini ýerine ýetirmekde ogly Pena ýakyndan ýardam berýär. Daýhan yhlasy siňýän gowaçalar bolsa gür şahalara beslenip, bol hasyl toplaýar.
Tejribeli kärendeçi Muhammetsetdar Ataýew asuda Watanymyzda zähmet çekmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigine hoşal bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwlaýar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








