Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar geljegine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirýär. Şeýle ynam bolsa, türkmen ýaşlarynda ýokary borç duýgusyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Şeýle tagallalar bolsa, türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar.
Begmyrat BÄŞIMOW.








