Duzly dili we adamkärçilikden binesipligi bilen meşhur bolan bir kişini gybat edip, ýalan gep-gürrüňleri ýaýratmakda günäkärläp, kazynyň huzuryna getiripdirler.
— Men oýun etdim, ol gürrüňlerem ýöne degişmek üçin aýdaýdym. Meniň gepimi başga tarapa çekip, ýalňyş düşündiler. Meniň hiç hili günäm ýok, kazym — diýip, ol özüni aklamaga başlapdyr. Ýöne ýalan töhmete duçar bolan kişi:
— Munuňky oýunmyş. Beýtmeli däl ekeniň, sen sebäpli meniň abraýyma zeper ýetdi. Indi jezaňam çekmeli bolarsyň — diýip, adalaty talap edipdir. Gybatkeş:
— Ähli aýdanlarymy yzyna alýan, şeýdibem özümi aklanan hasaplaýan — diýip, teý ýeň bermändir.
Kazy bu kişiniň etmişiniň çökderligine aklynyň çatmaýandygyna, bu gidişine gitse, beýle hereketlerini ýene dowam etjekdigine göz ýetirip, oňa mazalyja sapak bermegi müwessa bilipdir. Şu maksat bilen ol kömekçilerine guşuň perinden edilen ýassyk getirmeklerini emr edipdir. Getirilen ýassygy gybatçynyň eline berip:
— Ýassygy kes-de, onuň içindäki ýelekleri seç! Soňam ählisini çöpläp çyk. Ýekeje ýelek galaýsa, etmişiň ötülmez — diýipdir.
Bu emrden närazy bolsa-da, başga alajynyň ýokdugyna gözi ýeten günäkär aýdylany etmäge synanyşypdyr. Synanyşmasyna synanyşypdyram welin, ýelekleriň uzypsyzja bölegini ýygnandan soň, ebti agypdyr. Ýelekleri çöpläp gurbatynyň galmandygyny aýdyp, kazynyň huzuryna barypdyr. Kazy şonda gybatkeşe ýaýradan gep-gybatlaryny hem yzyna alyp bolmajakdygyny düşündiripdir.
Taýýarlan
Göwher MUHAMMEDOWA.








