Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylyp, Watanymyz ýeňişli menziller bilen öňe barýar. Şeýle belent sepgitlere ýetilmeginde zähmet adamlary hakda alada uly orun degişli bolup durýar.
Şu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdiniň gazanylmagynda welaýat birleşmämiz tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hünärmenlerimiz tarapyndan kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň öz işlerini şu günüň talabyna laýyk guramaklaryna goldaw-ýardam berilýär. Zähmet adamlarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň has bähbitli çözgütleri gözlenilip, işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynda degerli çäreler görülýär. Sebäbi, işgärleriň iş we durmuş şertleri näçe ýokarlandyrylsa, öňdebaryjylar höweslendirilse, önümçilikde gazanylýan görkezijilerem ýokary bolýar.
Bägül ATAÝEWA.








