Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden ,,Gülüň owadan“ atly bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça geçirilen tapgyry hem göwün göteriji duýgulara baý bolup, ol egsilmeýän ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinden gelen, bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda guramaçylykly geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda gollary hünärli zenanlar asyrlardan asyrlar aşyp, öz milliligini ýitirmän häzirki döwre gelip ýeten, türkmen halkynyň öýleriniň bezegine öwrülen türkmen keçesini taýýarlamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň talabyna laýyklykda oňa gatnaşan zenanlar ajaýyp döwrümiziň gözel tebigatyny suratlandyrýan täze nagyşly, türkmen milli keçelerini taýýarlamak işleriniň ýagny, ýüň saýmak, saýlamak, boýamak, daramak, keçe gamşyny dokamak, keçe güllemek we basmak ýaly ýerine ýetirilýän pursatlaryny görkezmek we olary çeper dilde wasp etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle hem türkmen keçesiniň gülleriniň aýratynlygy hem-de keçe önümleri bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, gyzykly rowaýatlary gürrüň bermek arkaly gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde zenan dünýäsine mahsus el işlerinden, owadan nagyşly keçelerden, haly we haly önümlerinden, gyz-gelinlerimiziň bezegi bolan milli şaý-seplerde guralan baý sergi hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Diýseň gyzykly we ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu bäsleşikde ýeňiji bolanlar Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar we olar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlar halkymyzyň milli mirasyny ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan we türkmen zenanlaryna döredijilikli zähmet çekmeklige giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Merjen Çaryýarowa.








