Grek-Rim göreşi boýunça Mary welayatynyñ birinjiligi geçirildi
weather mary 22° C Mary
weather mary 22° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Grek-Rim göreşi boýunça Mary welayatynyñ birinjiligi geçirildi

88 20.03.2024

Ýañy ýakynda, Mart aýynyñ 15-16-syna Mary welayatynyñ köp ugurly sport toplumynda sportyñ Grek-Rim göreşi boýunça 2006-2010-njy ýyl aralygynda dogulan ýaş ýetginjekleriñ arasynda Mary welayatynyñ birinjiligi geçirildi.

Bu ýaryşa welaýatymyzyñ etrap, şäherlerinden türgenler gatnaşdylar. Geçirilen bu ýaryşda, Mary şäheriniñ N2-nji sport mekdebiniñ türgenleri şowly çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Muña mysal edip, -72 kg agramda çykyş eden Sytdyýew Aly baýrakly birinji oruna hemde -71 kg agramda Magtymgulyýew Didar ikinji oruna mynasyp boldular.

Taýýarlan: Mary şäheriniñ N2-nji sport mekdebiniñ Grek-Rim görnüşi boýunça tälimçisi Babajan Hannyýew

8
8 02.09.2025
Ojar agajy

Garagum sährasy tebigat gözellikleri bolan ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Şol ösümlikler gadymdan bäri türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň ähli babatlary üçin zerur bolmak bilen odun, mal iými, dermanlyk, hojalygyň dürli hajatlary üçin hyzmat edipdir.   Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan ojaryň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Ojaryň Günden alýan ýylylygynyň toprakdan alýan zerur maddalary bilen sazlaşmagy netijesinde ýylylyk sygymynyň uly bolmagy, onuň uzak wagtlap ýanmagyna, közüniň bolsa uzak wagtlap saklanmagyna ýardam edýär.   Ojary ata-babalarymyz melhemlik ösümlik hökmünde peýdalanypdyrlar. Ojar tüssesiniň degna (nerw) ulgamyny rahatlandyrmakdaky ähmiýeti uludyr.   Malyň derisi eýlenende sazagyň küli ulanylýar. Arassalanylyp, ýüzi suwlanandan soňra, deriniň üstüne ojaryň külüni sepipdirler. Düzüminde aşgar bolansoň ojaryň küli deriniň eýini ýetirmekde, ýumşadyp, hojalyk hajatlary üçin ulanmakda ähmiýetli bolupdyr.  Ata-babalarymyz tebigatyň bu merdem ösümligine aýratyn bir tumar hökmünde hem garapdyr. Häzirki wagtda il içinde öz tebigy bolşundan üýtgeşik ösýän islendik ösümlige “Hydyr gören” ösümlik hökmünde garaýarlar. Obalarymyzda ýaşaýan islendik hojalykda yrym üçin ojar oduny hojalygyň bir ýerinde saklanýar. Türkmen halkymyzyň tebigy ösümliklere bolan aýratyn garaýşy häzirki döwürde-de dowam edip gelýär.  Metbugat materiallary esasynda taýýarlan  Amanmyrat ÝAMADOW.

6
6 02.09.2025
Dana kişi (Hekaýat)

Gadym eýýamda obalaryň birinde bir dana kişi ýaşaýar eken. Çar tarapdan gelip, oňa maslahata barar ekenler. Günlerde bir gün obanyň itleriniň barysy birden gyrlypdyr. Obanyň adamlary bu ýagdaýa juda gynanyp, dana kişiniň ýanyna maslahata barypdyrlar. Dana kişi olaryň sözüni diňläp: — Hiç zady gaýgy etmäň, bu ýagşylygyň alamatydyr — diýipdir: Şol günüň ertesi obanyň ähli horazlary-da gyrlaýypdyr. Adamlar ýene dana kişiniň ýanyna barypdyrlar. Goja kişi bolsa ýene-de: — Ýagşylygyň alamatydyr — diýip, jogap beripdir. Üçülenji gün diýlende, agşamlyk obanyň adamlary biş-düş üçin ot ýakjak bolanlarynda, olaryň otlary ýanmandyr. “Ýeri bu nämäniň alamatyka?!” diýşip, obanyň adamlary ör-gökden gelipdirler. Bu bolan zatlaryň üstesine-de, duýdansyz ýerden duşman çožupdyr. Duşmanlar töwerek-daşdaky obalary haraplap, dana kişiniň ýaşaýan obasyna gelenlerinde, öýlerde yşyk garasy görünmänsoň, itleriň üýrýän sesleri eşidilmänsoň, horazlaryň gygyrýan sesleri gelmänsoň: “Bu ýerde janly-jandar ýok bolsa gerek” diýip, yzlaryna dolanypdyrlar. Şeýlelikde dana kişiniň aýdan sözleri hakykat bolup çykypdyr.

7
7 02.09.2025
Syntgylanan  setirler

“Ata razy — Alla razy” diýleni. Ata öýkelese, solarsyň. Ata gargasa, ýanarsyň.  Köpçülikde ýamany ýazgarman, ýagşylar barada gürrüň etmek bähbitli. Ýagşynyň öwülýän ýerinde ýaman özüni ýenjilýän ýaly duýýar. Hakyky türkmen gylykly gelniň öz gaýynatasyna ýa gaýynagasyna däl, hatda olaryň ady dakylan ýüwürjilerine hem hormaty başga bolarmyş. “Öýke-kinesi ýok” diýip, ýagşynyň köňlüne daş oklama!  Şowly pursatlaryň şatlygyny şowsuzlygyň oduna ýakyp ýörmeli däl. Ertäniň gaýgysyna gaplanan adam şu gününiň nuruna ýylynyp bilenok. Türkmen geçmiş mirasyna näçe pugta bolsa-da, maşgalanyň emläk mirasyna gezek gelende juda jomart hem sahawatly halk.  Päk ahlakly kişä kesek atmak — bu kirli kalplaryň biygtyýar seslenmesi. Näkes özüne meňzeşe däl-de, näkeslik edip bilmejege kast edýär. Halal we dogry ýaşamak hökman bähbitli bolmaly.  Ýüregiňe sygmaýan zatlaryň hemmesini ýaman saýma, belki, seniň ýüregiň juda dardyr. Göwnüň ýetmeýän zatlaryň seniň gözüň ýetmeýän zatlar bolaýmasyn?!  Perwana özüni oda bilmän urýan däldir, çünki, söýgi ody daşlaşdygyňça beter örteýär. Kän gezek geň galyp görmedik adam hiç haçan geň galdyryjy zatlary döredip hem bilmeýär. Diňe kaka bolanlygyň üçin uly hormat islemek — bu wezipäňden aşa peýdalanmak bolýar. Hemme zat nähili kakalygyňa bagly. Naýbaşy zehin üçin döredilen eseri çem gelen ýerine ýetirip bilmeýär.  Bilinmek üçin edýän bolsaň, hiç mahal eden işiňden kanagat tapmarsyň. Mädesi iri adamlaryň özleri aglaba ownuk bolýarlar. Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.

6
6 02.09.2025
Borç bergidir

Borç — her bir ynsanyň üstüne ýüklenen we ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kesgitli işidir-hereketidir. Borç sözüniň bergi diýen manysy-da bardyr. Borçlaryň agramly bölegi raýatlyk we perzentlik borçlaryndan ybaratdyr. Danalaryň birinden ölmeziniň öň ýanynda bimar bolup ýatyrka: “Heý, armanyň barmy?!” diýip soranlarynda ol şeýle jogap beripdir: “Dünýede armanym ýok! Çünki, men borçlarymyň ählisini berjaý etdim. Müňde bir şükür. Allatagalada şol borçlarymy ýerine ýetirmek üçin ýaş hem berdi, wagt hem. Hiç kimiň öňünde bergim ýok!”. Beýik akyldar Döwletmämmet Azady özüniň “Wagzy-Azat” eserinde perzendiň ata-enesiniň öňündäki berjaý etmeli kyrk borjuny dört topara bölüpdir. Akyldarlaryň her birimiziň borçlarymyz barada aýdanlaryny, sargytlaryny bilip, öwrenip goýsak, biziň hiç birimize-de artykmaçlyk etmese gerek. *** Adamyň borjy dört görnüşe bölünýär: birinji — öz-özüniň öňündäki borjy, ikinji — maşgalanyň öňündäki borjy, üçünji — Watanyň, döwletiň öňündäki borjy, dördünji — umuman, beýleki adamlaryň öňündäki borjy. Georg Wilgelm Fridrih GEGEL. *** Kalbymyzdaky borç bizi adyl we arassa işlere iterýär, adalatsyzlykdan hem-de ýaramaz işlerden daşlaşdyrýar. Samýuel SMAÝLS. *** Adamyň borjy özündäki adamçylyk mertebeleriniň berjaý edilişinden durýandyr. Romen ROLLAN. *** Borç hakykat bilen berk arabaglanyşyklydyr. Borjuny duýýan adamlar, ilkinji nobatda, öz sözünde we hereketlerinde hakykatçyldyr. Nähili bolmaly, näme bolmaly, haçan bolmaly, ine, onuň sözleri-de, hereketi-de şulardan ugur alýar. Nikolaý Wasilýewiç ŞELGUNOW. *** Birine ýük bolma, durmuşdan sowama, sabyrly bol, rehimdar bol, asylly bol, özüňi ebediligiň bosagasynda duran ýaly görüp, söýmäge howluk — ine, seniň borjuň! Mark Tuliý SISERON. *** Özüňi nähili tanamaly? Syn etme bilen däl-de, işjeňlik ýoly bilen tanamaly. Öz borjuňy ýerine ýetirmäge çalyş! Şonda sen özüňde näme bardygyny bilersiň! Iogann Wolfgang GÝOTE. Taýýarlan Annamyrat BERDIMYRADOW.

6
6 02.09.2025
Lukman  Hekimiň  pähimlerinden

Az sözlemegi, az iýmegi, az ýatmagy öwren! Beden türgenleşiklerini yzygiderli edýän adam bejerilmäge seýrek mätäçdir. Diňe söz bilen bejerilmeli näsaglar hem bar. Gije-gündizi üçe bölüp, 8 sagat işlemeli, 8 sagat dynç almaly, 8 sagat uklamaly.  Uzak ýaşamak isleseňiz yzygiderli bal iýiň! Zähmet ýaşaýşyň özenidir. Zähmet ähli kesellerden halas edýän asylly tebipdir. Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz. Gyşyň gursagy giň. Güýzki gatyk — kümüş kaşyk, ýazky gatyk — ýarty aşyk.

5
5 02.09.2025
AÝJEMAL (Aýdym)

Baglaň altyn şelpesini sypalap, Ýüzüňi ýelpese awara şemal,  Yssy kalbyň tutup salkyn şemala, Al-asmandan nurun dökse Aý jemal. Meni gözläp baglara bar, Aýjemal! Daglaň aňyrsynda Güneş ýaşansoň, Gyzyl şapak Köpetdaga düşensoň, Öýden çykyp, alöýmäňi ýolda daň, Soň asmanda gülüp baksa Aý jemal, Meni gözläp baglara bar, Aýjemal! Gündizligi gije guçup, öpende, Ýedigenler öz ýerini tapanda, Ýyldyzlar şelpesi gögi ýapanda, Ýyldyzlary gizläp, çyksa Aý jemal, Meni gözläp baglara bar, Aýjemal! Seň ýoluňa mahmal bägül düşeler, Ene toprak çygdan haly düşener. Bu ýagdaýa boýdaşlaň soň düşüner, Indi meni sen özüňki saý, Jemal, Bu sapaly çaglara gel, Aýjemal! Atamyrat ATABAÝEW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

4
4 02.09.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýeňişlere beslemek bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy däpler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wajyp wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.  Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalarynyň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň taryhy ähmiýetine ünsi çekip, halkara derejesinde uludan tutuljak şanly sene bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakasy boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp waka bolup, onda öňde durýan taryhy wakalar bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda, ilki bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramyna taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem mejlisde degişli Kararlar kabul edildi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu taryhy waka taýýarlyk bilen bagly tagallalar işjeň häsiýete eýe bolýar. Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýanynda toýy uludan tutuljak Beýik Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrýar. “Maru — şahu jahan”.

5
5 02.09.2025
Welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Halkymyzyň ykbalyna serpaý ýapylan Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, ynsanlaryň kalbyny buýsandyrýan buşlukly habarlar mähriban halkymyzy ak daňlara ataryp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine egsilmez alkyş, çäksiz söýgi döredýär. Watanymyzyň asudalygyny we bagtyýarlygyny pugtalandyryp, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegi baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny yhlasly işleri bilen mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her günümiziň buýsançly wakalara hoş habarlara beslenip, üstünliklerden rowaçlanmagy – bu uly döwletlilikdir, agzybirlikdir. Şeýle bagtyýar döwrüň ösüşlerine ses goşmak bolsa her birimiz üçin uly bagt, mukaddes borçdyr. “Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijiler” diýip, Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan, nurly ertirlere maksat tutan ýaş nesillere Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn bil baglap, uly ynam bildirýär. Şu bildirilýän beýik ynam biziň her birimiziň kalbymyzy buýsandyrýar, öz işimizde ökde hünärmenler bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagymyza ruhlandyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň agzybir işgärleri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde berýän tabşyryklaryny, eziz ýurdumyzda amala aşyrýan belent maksatly işleriniň ähmiýetini wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarys. Ýakynda Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – Watanymyzyň röwşen gelejeginiň ak ýoly” ady bilen  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar kitaphanaçylar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine ýurdumyz boýunça görülýän taýýarlyklar, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyzyň mukaddesligi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda merdana we ruhubelent halkymyzyň maşgala agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän belent maksatly işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler. Soňra dabara gatnaşanlar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, halkymyzy rowaçly menzillere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuwladylar. Gurbanjemal Iliýewa.

4
4 02.09.2025
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde iki müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky monumentiň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirilip, oňa welaýat häkimliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri we bu ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny bu täze okuw binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen gutlap, şeýle döwrebap bilim ojaklaryny gurduryp,  ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym, bilim almaklaryna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem  çykyş edenler her bir güni şatlykly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde şeýle ajaýyp binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bu institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlyklaryny goşalandyryp, olaryň kalbynda ata-Watanymyza, ajaýyp döwrümize we halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Hormatly Prezidentimize bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy-diýip, buýsanç bilen bellediler. Hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda bilim ulgamy düýpli ösüşlere beslenip, bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hili ýokarlanyp, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.  Şeýle bolansoň türkmen ýaşlary dünýäniň ähli künjeklerinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeleýärler. Bular dogrusynda-da çykyş edenler aýratyn bellediler. Bu ýerde institutyň talyp ýaşlarynyň döredijilik toparynyň asuda Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň bilim ulgamynda gazanylan ösüşleri we bagtyýar ýaşlyk joşgun bilen wasp edildi. Maslahatyň ahrynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň adyndan Hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul edildi. Merjen Çaryýarowa.

4
4 02.09.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýeňişlere beslemek bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy däpler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wajyp wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.  Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalarynyň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň taryhy ähmiýetine ünsi çekip, halkara derejesinde uludan tutuljak şanly sene bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakasy boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp waka bolup, onda öňde durýan taryhy wakalar bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda, ilki bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramyna taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem mejlisde degişli Kararlar kabul edildi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu taryhy waka taýýarlyk bilen bagly tagallalar işjeň häsiýete eýe bolýar. Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýanynda toýy uludan tutuljak Beýik Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrýar. “Maru — şahu jahan”.

5
5 02.09.2025
Welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Halkymyzyň ykbalyna serpaý ýapylan Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, ynsanlaryň kalbyny buýsandyrýan buşlukly habarlar mähriban halkymyzy ak daňlara ataryp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine egsilmez alkyş, çäksiz söýgi döredýär. Watanymyzyň asudalygyny we bagtyýarlygyny pugtalandyryp, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegi baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny yhlasly işleri bilen mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her günümiziň buýsançly wakalara hoş habarlara beslenip, üstünliklerden rowaçlanmagy – bu uly döwletlilikdir, agzybirlikdir. Şeýle bagtyýar döwrüň ösüşlerine ses goşmak bolsa her birimiz üçin uly bagt, mukaddes borçdyr. “Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijiler” diýip, Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan, nurly ertirlere maksat tutan ýaş nesillere Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn bil baglap, uly ynam bildirýär. Şu bildirilýän beýik ynam biziň her birimiziň kalbymyzy buýsandyrýar, öz işimizde ökde hünärmenler bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagymyza ruhlandyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň agzybir işgärleri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde berýän tabşyryklaryny, eziz ýurdumyzda amala aşyrýan belent maksatly işleriniň ähmiýetini wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarys. Ýakynda Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – Watanymyzyň röwşen gelejeginiň ak ýoly” ady bilen  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar kitaphanaçylar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine ýurdumyz boýunça görülýän taýýarlyklar, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyzyň mukaddesligi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda merdana we ruhubelent halkymyzyň maşgala agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän belent maksatly işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler. Soňra dabara gatnaşanlar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, halkymyzy rowaçly menzillere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuwladylar. Gurbanjemal Iliýewa.

28
28 30.08.2025
Täsirli geçen maslahat

  Ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş - çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş - ýkdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de halkymyz üçin zerur bolan durmuş - ýkdysady şertleri üpjün etmek maksady bilen Mary welaýat Halk Maslahatynyň wekillerinden we Mary welaýatynyň ilatyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna gelip gowşan haýyşlary göz öňünde tutmak bilen welaýatyň Murgap hem-de Sakarçäge etraplarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginde täze etraby döretmek baradaky teklip öňe sürüldi.    Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Döwletli Zaman” şäherçesiniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň dolandyryş - çäk bölünişiginiň meseleleri boýunça döredilen guramaçylyk toparynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda ilatyň isleglerini, haýyşlaryny öwrenmeklige bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Mary welaýat, şäher, etrap Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň il-sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welaýatyň ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, şöhratly pederlerimiziň ýoluny dowam edip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgiýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edilýändigi dogrusynda aýdyldy.  Şeýle hem welaýatda täze etraby döretmek baradaky teklibiň öňe sürülmegi (çözgüdiň kabul edilmegi) türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatymyz üçin zerur bolan durmuş - ykdysady şertleri üpjün etmek barada edýän taýsyz tagallalarynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolandygy nygtalyp bellenildi. Maslahatda welaýatyň ýaşaýjylary, ýaşuly nesliň wekilleri, syýsy partiýalaryň, jemgiýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri täze etrabyň döredilmeginiň welaýatda bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök, bakja ekinleriniň öndürilýän hasyllarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigi baradasky oý-pikirlerini buýsanç bilen nygtap bellediler hem-de täze etraby döretmek baradaky teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýtdylar.  Maslahata gatnaşanlar welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş - durmuş derejesini gowulandyrmak, welaýatyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmak barada bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Sapardurdy Ýaýlyýew.

31
31 27.08.2025
Möhüm meselelere garaldy

Etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, merkezi kitaphananyň kitaphanaçylary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Mahym Hojagulyýewa, merkezi kitaphananyň müdiri Selbinýaz Geldiýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Çynar Hoşgeldiýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary hakda edýän uly aladalary, jemgyýetimizde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Barha golaý gelýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Owadan ATDAÝEWA.

32
32 27.08.2025
Asuda Watanda ýyllar ajaýyp

Golaýda Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşligindäki kitaphana şahamçasynda etrap medeniýet bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, Kemine geňeşligindäki medeniýet öýüniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Asuda Watanda ýyllar ajaýyp” atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrabyň kitaphanaçylary hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Gülsenem Muhadowa, Kemine geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň müdiri Parahat Mämmedow, etrabyň medeniýet öýüniň işgärleri Nurtäç Annamuhamedowa, Dörtguly Gurbanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar. Enegül GULDURDYÝEWA.

33
33 25.08.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda etrabymyzdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, “Döwletli başlangyçlar rowaçlygyň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy TMÝG-niň Garagum, Baýramaly etrap geňeşleri, etrap bilim bölümi bilelikde gurap, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, bilim işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, 23-nji orta mekdebiň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew, TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň bölüm müdiri Azat Muhyýew çykyş etdiler. Olar ýokarda ady agzalan halkara maslahatynyň jemleri, bu forumyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy barada durup geçdiler. Gülnar GURBANMYRADOWA

30
30 25.08.2025
Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Golaýda Wekilbazar etrap bilim bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Parahatçylygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Wepa Orazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dünýä Öwezowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Öwezow çykyş etdiler. Çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetiniň bardygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Aýlar MYRADOWA

35
35 22.08.2025
Hyzmatdaşlyklar pugtalandyrylýar

 Ýakynda Ýolöten etrap häkimligi, etrap zenanlar guramasy, TMÝG-niň etrap geňeşi etrabyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda «Parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Bu wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkimliginiň hünärmeni Dünýä Çaryýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy Ýazgül Öwezowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçendigi, dost-doganlygyň berkeýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň etdiler. Ahmet NURJANOW.

39
39 22.08.2025
Ýaşlaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdymyzyň durnykly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak boýuça il-ýurt bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - Rowaç menzillere badalga” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Mary etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Şöhratly ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylan täze taryhy eýýamynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatmaşmagyny üpjün etmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän ulydyr. Şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il - ýurt bähbitli işler raýatlarymyzyň kalbynda çäksiz hoşallyk döredýär. Her ýylda uly ruhybelentlikde geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilmeginde uly many bar.  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň agzalaryna giň orun berilmegi hem ýaşala uly ynam bildirilýändiginden nyşandyr diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onyň agzalary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine häzirki wagtda işjeň taýýarkyk görýärler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan aýdyň gelejege öňe alyp barýan Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.              Azat Beglanow.

683
683 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

588
588 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

822
822 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

658
658 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

733
733 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

767
767 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

583
583 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

659
659 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.