ÝAŞAÝŞYŇ ÝARAŞYGY
Biribar ynsan kowmuna ýaşaýyş üçin ajaýyp dünýäni bagyş edipdir. Elwan güllere gurşalan dünýä hakynda oýlananyňda, bu gojaman dünýäni özüniň zybalygy, asyllylygy bilen has gözel görke eýe edýän zenanlar hakdaky oýlar köýüňde janlanýar. Diýmek, dünýä, barlyk, ýaşaýyş zenanlar bilen has-da gözel.
ENE MÄHRI
Zenana ene bolmakdan uly bagt ýokdur. Sebäbi eneler ynsan kowmuna ýaşaýşy peşgeş berip, yssy mähir bilen uly dünýäni kemala getirýärler. Eneler gül bolup doglup, gül bolubam neslini dowamata ýetirýärler.
Ene mähri ojar ody ýaly mylaýym. Ol mähir enäniň tamdyr ýaly ýylap duran kalbyndan gaýdýar.
«TÄMIZ GYZ HER SÄHER
GÜL BOLUP DOGAR...»
Durmuşda eneleriň orny, gyz maşgalanyň edebi hakda köp-köp eserler ýazyldy. Bu hakda tanymal şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Düýn, şu gün» atly kitabyna giren «Okyjy haty esasynda dörän sowal-jogap» atly goşgusyndan birnäçe setirleri ýada salalyň!
— Ol kim bolar, ynsanlaryň belendi?
— Ol enedir, ynsanlaryň belendi.
— O näme, gyz üçin iň gerekli zat?
— Ol näme, dünýäde iň görmekli zat?
— Ol uýat, gyz üçin iň gerekli zat,
— Ol edep, dünýäde iň görmekli zat.
— Ol kimdir, her säher gül bolup dogar?
— Tämiz gyz her säher gül bolup dogar.
NAZARYŇDA BAKY
GALÝAN GÖRNÜŞLER
Çörek bişirip duran ene, ýanynda uz ýaşynyp kömekleşýän zenan, toý tutýan ene-atanyň didelerine begenç gözýaşyny çaýýan gelnalyjynyň gapa gelmegi, şaňňyrdysy bilen dünýäni owaza garyp barýan kürteli gelin, goşa gumry ýaly bolup barýan jübütler, goltugy ak bäbekli gelin... bu dünýäniň inçe gözelligidir.
GYZ PERZENDE AK ARZUW
Mirasgär şahyr Atda Gurbangeldiýewiň «Gyzyma» atly goşgusy her bir ene-atanyň gyz perzendine edýän arzuwy bolup ýaňlanýar.
Göwnüň baharyň aýy — Maý,
Kalbyň päkligi ga:ra taý,
Garalykdan ýetse bir paý —
Saçlaryňa nesip etsin!
Boýdaşlarňa bol mähre baý,
Deň-duşlaň diýsin dolan Aý,
Garalykdan ýetse bir paý —
Gaşlaryňa nesip etsin!
Bolsun edebiň göwne jaý,
Mertebäňi bir aýna saý,
Garalykdan ýetse bir paý —
Gözleriňe nesip etsin!
Atamyrat ŞAGULYÝEW.








