— Allanyň ýoluna goýun aýtdym, nähili goýun bersemkäm — diýip, bir kişi hezreti Ymam Agzam Abu Hanyfdan sorapdyr. Ol şeýle jogap beripdir: «Eý, bende, sen özüň Alladan dileg etseň, nähili goýun dilärdiň?! Idip ýöretjek bolsaň, ýykylyp ýatan goýun dilärmidiň, ýa-da semiz, at ýaly daýaw, üstüne münübermelisinimi!» diýipdir.
Sorag beren kişi göwnejaý jogaby eşidip, ýagşyzadalary synamak isleginden daşlaşypdyr. Şondan bäri: “Alladan näme dileseňem, berlen rysga kaýyl bolaýmalydyr” diýen gürrüň döräpdir.
Taýýarlan
Nurmuhammet HUDAÝNAZAROW.








