Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ruhy gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmakda edilýän tagallalaram giň gerime eýe bolýar. Ajap eýýamymyzda kitaphana işiniň göwnejaý ýola goýulmagy ýokarda ýatlanlarymyz babatda gowy netijeler gazanylýar. Kitap ruhy baýlygyň egsilmez çeşmesi bolup, ol biziň ýakyn maslahatçymyz, ýol görkezijimizdir.
Biz kitaphanamyzda işi talaba laýyk ýola goýup, okyjylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Kitaphanamyzyň goruny baýlaşdyrmakda degerli işler edilýär. Bu meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat berýän gyzyldan gymmatly kitaplaryny ýatlamak ýakymlydyr. Biz okyjylar bilen medeni-köpçülik çärelerini geçirýäris. Kitap sergilerimizem, ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilikli duşuşyklarymyzam olara gatnaşýanlarda uly täsir galdyrýar. Bu bolsa ýadawsyz aladalarymyzyň ýerine düşýändigini aňladýar.
Ogulgerek HANGELDIÝEWA.








