“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy.
Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy.
Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy.
Aýparça AKYMOWA.








