Anuşirwan adyl bir gezek ýurduna aýlanmaga çykypdyr. Şonda ol Gün şöhlesi düşýän dag eteginde bükülip işläp ýören bir garry adamy görýär. Köşk hyzmatkärleri bilen ol goja golaý baranda onuň bag nahallaryny oturdyp ýörenine gözi düşýär.
Patyşa gojadan näme edýändigini soraýar.
— Men hoz agaçlaryny oturdýaryn — diýip, goja jogap berýär. Patyşa geň galyp:
— Sen eýýäm gojalypsyň, kölegesinde saýalap, miwesini dadyp, tagamyny duýup bilmejek bolsaň nahallary ekip näme etjek? — diýýär. Ýaşuly oňa garap, şeýle jogap beripdir:
— Bizden öňki gelenler ekdiler, biz olaryň miwesini iýdik. Indi bizem öz gezegimizde bizden soňky nesiller iýer ýaly nahal oturtmaly ahyryn.
Rus dilinden terjime eden
Göwher AKMAMEDOWA.








