GAZÇYLARYMYZY HÖWESLENDIRÝÄRIS
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

GAZÇYLARYMYZY HÖWESLENDIRÝÄRIS

9 07.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gaz senagaty ösüşli menziller bilen ynamly öňe barýar. Soňky ýyllarda halk hojalygynyň bu iri pudagy depginli ösýän pudaklaryň birine öwrülip, tebigy gazyň akymy ýylsaýyn artdyrylýar. Gazçylaryň öndürijilikli zähmeti ýokary netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.

Şonuň üçinem müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gazçylary döredijilikli zähmete höweslendirmekde netijeli işler ýola goýulýar. Biz işgärlerimiziň iş şertlerini gowulandyryp, zähmet howpsuzlygyny üpjün etmegi hemişe üns merkezimizde saklaýarys. Soňky ýatlanymyz we tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmak gazçylarymyzyň işinde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem müdirligimiziň degişli hünärmenleri bilen sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak boýunça degerli işleri yzygiderli geçirýäris. Biz bu babatdaky çärelere aýratyn üns berýäris. Agzalarymyzyň durmuş şertlerini ýokarlandyryp, önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendirmegem wajyp wezipämiz bolup durýar.

Nowruz MUHAMMETNEPESOW.

3
3 07.06.2026
GOŞA TAR (Aýdym)

Diňle sen zarymy, Bir sözüm bar: Men seniň aşygyň, Näzenin ýar. Şelpeli dutara, Hoş dilli dutara Biz goşa tar, Biz goşa tar.   Bu dünýe barlygy erkimde bolsa, Men saňa bererdim baryny, gunçam. Meňki dek söýgini, Wah, gören däldir,  Eşdenem däldir aşyk ynsan.  Düýşde-de sensiň, Huşda-da sensiň, Sen meniň derdime Däri-derman.    Arzuwda ýaşaýan, Men çekip zar. Men garyp, nädeýin, Näzli dildar? Mende kän jepaly, Mende päk wepaly, Bir ýürek bar, Bir ýürek bar.   Ata ATAJANOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

4
4 07.06.2026
Halypadan ozdurjak şägirt

Yslam bäş-alty ýaşlarynda deň-duş oglanlary bilen ürç edip futbol oýnardy. Özünden has ulurak oglanlar hem ony öz toparyna goşmak islärdiler. Çünki, derwezeden pökgi geçirmekde ondan öňe geçip bilýän ýokdy. Töweregiň oglanlary bilen iki topara bölünip, futbol oýnamaly bolanda, köpüsiniň onuň toparyna düşesi gelýärdi. Ol alty ýaşyny dolduryp, mekdebe okuwa gitdi. Futbol gurnagyna ýazyldy. Gün yrman geçirilýän türgenleşikler ony kem-kemden taplady, kämilleşdirdi. Ol etrap, welaýat, ýurt çäklerindäki dürli sport ýaryşlaryna gatnaşyp başlady. Şol ýaryşlarda hem iň köp pökgi geçiren esasy hüjümçi Yslam Wellekow bolýardy. Bu ýeňişlerde Yslamyň ukyby hem yhlasy aýdyňlygy bilen ýüze çykýardy. Ukybam, erjelligem türgen üçin esasy gerek zatlaryň biridir welin, gazanylýan ýeňişleriň özeninde tälimçi Maksat Gurbanowyň irginsiz aladalary, bimöçber tagallalary, çagalara bolan buýsanjy, söýgüsi, egsilmez yhlasy hem bar. Ýaşajyk türgen Yslam Wellekow barada söhbetdeşligimizde, buýsançly nazary şägirtlerine düşende, tälimçiniň guwanjy mese-mälim duýulýardy. — Öz oýnaýan toparynda Yslam iň kiçisi bolsa-da, onuň kämilligi, ezberligi has ýokary derejede ýüze çykýar. Öz erjelligi, yhlasy bilen bu ýaşajyk türgen toparda öňe saýlanmagy başarýar.  Ýaňy-ýakynda 2010 — 2018-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Ahal welaýatynyň açyk birinjiliginde welaýatymyzyň “Mary” topary 1-nji orny eýeläp, Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatyna mynasyp boldy. Bu ýaryşda “Mary” toparynyň sport abraýyny goramak üçin biziň “Bagtyýarlyk” toparymyz çykyş etdi. 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan toparymyzda iki pökgini derwezeden merkezi hüjümçimiz Yslam geçirdi. Ýeri gelende belläp geçsek, futbol oýnunda öňdebaryjy bolmak bilen, Yslam Wellekow şu ýyl Mary şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 7-nji synpyny gowy bahalar bilen tamamlady. Biz geljegine uly umyt döredýän ýaşajyk türgenimize guwanýarys, buýsanýarys. Geljekde-de ol has uly ýaryşlara gatnaşyp, toparymyza ýeňiş getirmekde başarnygyny görkezer diýip umyt edýäris. Onuň türgenleşigi birjik-de gowşatman, halkara ýaryşlarynda hem ýurdumyzyň sport abraýyny goramaga goşandyny goşjakdygyna uly ynam bildirýäris — diýip, Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Maksat Gurbanow aýdýar. Muhammetjuma HYDYROW.

5
5 07.06.2026
HÜNÄRLI ÝAŞLARY ÝETIŞDIRÝÄRIS

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gadamlary barha batlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşleri täze belentliklere çykyp, dünýäni haýran galdyrýar. Halk hojalygynda gazanylýan ýokary görkezijiler ilatymyzyň eşretli durmuşynyň hözirini üpjün edýär. Eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” diýen ganatly şygary hemmeleriň göwün guşuny al-asmana galdyrýar. Bu ajaýyp şygar ýurdumyzyň has nurana geljeginiň hünärli, giň dünýägaraýyşly ýaşlara ynanylýandygyny aňladýar. Şu jähetden ugur alyp, biz hem Mugallymçylyk mekdebimizde geljekde çagalara bilim berjek ýaş hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy ugrunda yhlas edýäris. Kärdeşlerimiz bilen tejribe alşyp, işleşmek bilen çekýän zähmetimiz ýerine hem düşýär. Biz munuň şeýledigini Mugallymçylyk mekdebimiziň uçurymlaryna bildirilýän hormat-sarpadan hem duýýarys. Şu ýyl beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uly dabara bilen, halkara derejesinde bellenilip geçiler. Bu şöhratly senä biz hem zähmet sowgadymyz bilen barmaga çalyşýarys. Bizi şeýle eşretli zamanada ýaşamak we işlemek bagtyna eýe eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir. Hatyja OWGANOWA.

7
7 07.06.2026
BÖKDENÇSIZLIK ÜPJÜN EDILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Aýratynam, gaz senagatynda belent sepgitlere eýe bolnup, sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde netijeli işler bitirilýär. “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazçylary döredijilikli zähmet çekip, belent sepgitlere eýe bolýarlar. Bu ýeriň gazçylary gaz geçirijileriň we gaz gysyjy desgalaryň ygtybarly işini üpjün etmekde yhlas-tagallalary edýärler. Müdirlige “Döwletabat — Derýalyk” baş gaz geçirijisi, “Garagum”, “Şatlyk” gaz gysyjy desgalary hem-de “Bagtyýarlyk” önümçilik meýdançasy degişli bolup, olarda işleriň talaba laýyk ýola goýulmagy üpjün edilýär. Şeýle hem müdirligiň zähmetsöýer adamlary ýokary, orta we pes basyşly gaz geçirijileriniň bökdençsiz işlemegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Gazyň akymyny paýlaýjy hem-de sazlaýjy desgalaryň gurat we saz işlemegi ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Olaryň yhlasly zähmeti bolsa ýerine düşüp, müdirlik boýunça gowy görkezijiler gazanylýar. Bilşimiz ýaly, tebigy gaz bilen ygtybarly üpjünçilik il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Müdirligiň gazçylary täze döredilen Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesini gazlaşdyrmakda uly işleri bitirdiler. Şeýlelikde, döwrebap şäherçäniň ýaşaýjylarydyr ol ýerdäki edaralaryň işgärleri mawy ýangyjyň hözirini görýärler. Bu ýeriň öňdebaryjy işgärlerinden operatorlar Aşyrmuhammet Esenow, Nyýazgylyç Şagylyjow, Sazakdurdy Mommadow, Maksat Ýazgylyjow kärdeşlerine nusgalyk görelde bolýarlar. Müdirligiň gazçylary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýärler. Ogulşat BERKELIÝEWA.

8
8 07.06.2026
GAZÇYLARYMYZY HÖWESLENDIRÝÄRIS

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gaz senagaty ösüşli menziller bilen ynamly öňe barýar. Soňky ýyllarda halk hojalygynyň bu iri pudagy depginli ösýän pudaklaryň birine öwrülip, tebigy gazyň akymy ýylsaýyn artdyrylýar. Gazçylaryň öndürijilikli zähmeti ýokary netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gazçylary döredijilikli zähmete höweslendirmekde netijeli işler ýola goýulýar. Biz işgärlerimiziň iş şertlerini gowulandyryp, zähmet howpsuzlygyny üpjün etmegi hemişe üns merkezimizde saklaýarys. Soňky ýatlanymyz we tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmak gazçylarymyzyň işinde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem müdirligimiziň degişli hünärmenleri bilen sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak boýunça degerli işleri yzygiderli geçirýäris. Biz bu babatdaky çärelere aýratyn üns berýäris. Agzalarymyzyň durmuş şertlerini ýokarlandyryp, önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendirmegem wajyp wezipämiz bolup durýar. Nowruz MUHAMMETNEPESOW.

15
15 07.06.2026
TÄZE TEHNOLOGIÝALAR — ÝOKARY ÖNDÜRIJILIGIŇ KEPILI

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan öňegidişlikler öňdebaryjy elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Türkmen energetikasynyň öňbaşçysy Mary DES-niň senagat zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen täze tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikisi hereket edýär.  Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ulanylmaga berlen täze önümçilik kuwwatlyklary elektrik energiýasyna barha ýokarlanýan islegi has doly kanagatlandyrmakda möhüm ädim boldy. Energetiklerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, howpsuz zähmeti üpjün etmek möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar. Kärhanamyzyň önümçiliginde tehnologiki düzgün-nyzamyň, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine hemişe uly üns berip, degişli hünärmenler bilen degerli işleri geçirip durýarys. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärlerimiz hakda uly alada edilip, olary döredijilikli zähmete höweslendirmekde zerur çäreleri görýäris. Bu bolsa energetiklerimizi ýokary netijelere ruhlandyrýar. Jemal GURBANOWA.

15
15 06.06.2026
Ruhubelentligiň girewi

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu babatda durmuşa geçirilýän degerli işleriň maksady neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda bu meselede gazanylan üstünlik il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Şu günki günde gürrüňi edilýän meselede ýetilen sepgidi has berkidip, dürli zyýanly endikleriň öňüni almakda uly tagallalar edilýär.  Durmuş tejribesinden äşgär bolşy ýaly, sagdyn durmuş ruhubelentligiň özenini düzüp, ol maşgalalaryň agzybirliginiň, abadanlygynyň gözbaşydyr. Bu bolsa tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini, jebisligini kepillendirýär. Häzirki wagtda arakhorluk, çilimkeşlik we naskeşlik ýaly, ynsan saglygyna zyýanly endikleriň öňüni almak derwaýys bolup durýar. Aýratynam, ýaşlaryň şol zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak hemmeleriň wezipesidir. Mekan MUHAMMETGURBANOW.

15
15 06.06.2026
Hünäre söýgi — üstünligiň gözbaşy

Ýurdumyzda il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň gymmatly baýlygydygy ýörelgesinden ugur alynýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini şu günüň ösen talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda belent sepgitlere ýetilýär.  Lukmançylyk mekdebimizde biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmäge ähli zerur şertler bolup, mugallymlarymyzyň öwredýänlerini özleşdirmäge çalyşýarys. Onsoňam, hünär öwredilende mugallymlaryň yhlas-tagallalary talyp ýaşlaryň bilmäge, öwrenmäge höwesi bilen sazlaşykly utgaşanda netije hemişe ýokary bolýar. Ynsanyň saglygyny goramak iňňän wajyp wezipe bolup, ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçinem biz öwredilýänleri ykjam ele alyp, işine ökde şepagat uýalary bolup ýetişmek ugrunda aladalanýarys. Munuň özi bildirilýän uly ynamy ödemegiň ýokary borjudyr. Sähragül REJEPOWA.

8
8 06.06.2026
Kelem

Kelem kaloriýasy pes iýmitlere degişlidir, onuň 100 gramynda bary-ýogy 25-28 kilokaloriýa bar. Ol horlanmak isleýänler üçin gerek bolan iýmitdir. Kelemiň düzüminde iýmit süýümleri köp saklanýar. Şonuň üçin içi gataýanlara kelem iýmek maslahat berilýär. Kelemde askorbin turşusy köp. Onuň immuniteti artdyrmakda, ýagny, kesele garşy göreşýän güýçleri güýçlendirmekde, damarlary berkitmekde we holesterini peseltmekde ähmiýeti uludyr. Kelemiň ýene-de bir aýratynlygy bar. Onda U witamini bardyr. Onuň bolsa ýarany bitiriji täsiri bar. Kelemiň şol häsiýeti aşgazan we onkibarmak içegede ýara bolanda, ýarany bitirmek üçin ulanylýar. Munuň üçin täze kelemi alyp, ony şerbet çykaryjy enjamdan geçirmeli we kelemiň suwuny günde ýarty bulgurdan 3 wagtyna, nahardan ýarym — bir sagat öň mylaýym görnüşinde içmeli. Ol şerbeti 1 aýa çenli içmek bolar. Kelemiň 90-92 göterimi suwdan ybarat, onda B witaminler toplumy, minerallardan kaliý, magniý, kalsiý, fosfor, demir bar. Kelem kükürde baý iýmitdir, onuň bedenden zäherleri çykaryjy, saçlary berkidiji täsiri bar, ol derini hem gowulandyrýar. Ondaky K witamini gan akmada ganyň çalt doňmagyna ýardam berýär, süňklerde we bagyrda madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Ondaky A prowitamini gözüň görşüni gowulandyrmaga ýardam berýär.  Kelemde täze döreme keselleriniň ösmegini togtadýan maddalar bar. Kelemiň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, gan basyşyny peseldýär, artykmaç suwuklyklary çykarýar, kaliý bolsa süňkleri berkidýär, madda çalşygyny üpjün edýär. Magniý nerw ulgamynyň işiniň kadaly bolmagy üçin wajypdyr. Demir ganazlygyň öňüni almak üçin peýdaly.  Aşgazanyň, içegeleriň, aşgazanasty mäziň jerhetleme kesellerinde, aşgazanyň, onkibarmak içegäniň ýara keseliniň beterleşme döwründe, böwrek sökelliginde, miokardyň infarktynda, podagrada kelem iýmek bolmaýar. Çarymyrat  ANNAMUHAMMEDOW.

153
153 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

140
140 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

148
148 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

156
156 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

142
142 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

142
142 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

134
134 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

162
162 14.05.2026
Şanly  sene

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýeňişlere besleýän türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da bagtyýar ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz uly toýuna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň buýsançly aýratynlygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynda jemlenýänligindedir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşlerimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.   Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni gadymy türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Bilşimiz ýaly, Konstitusiýamyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýady bolup durýar. Onda döwletiň gurluşynyň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.   Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagymyzyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlaryň biridigi bellenen. Döwlet baýdagymyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Merdana ata-babalarymyz şan-şöhrata beslenen gahrymançylykly asyrlary  aşyp, bu gün türkmen ili abraý-mertebesi dünýä dolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar we buýsanýar.  Güljeren MYRADOWA.

160
160 14.05.2026
Goşa  mukaddeslige buýsanýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi çuň mana eýedir. Halkymyz bu iki mukaddeslige uly sarpa goýýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Türkmen halky parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar biziň Döwlet baýdagymyzda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy-ahlak däplerine, watansöýüjilik ýörelgelerine, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetine pugta eýerilýändigini subut edýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly parlaýar.  Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygynyň aýratyn nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgerişleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermäge, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýändigi örän buýsandyryjydyr. Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär. Döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän toý baýramlar bolsa, şol ajaýyp üstünliklere, belent sepgitlere çuň many öwüşginini çaýýar.   Halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýar.   Myrat ATAÝEW. 

1646
1646 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1438
1438 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1695
1695 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1627
1627 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1580
1580 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1833
1833 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1369
1369 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1657
1657 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.